Содержание
- 2. SAPAGYŇ MEÝILNAMASY 1. Biologik baýlyklar barada düşünje 2. Türkmenistanyň biologik baýlyklary. Türkmenistanda ösümlik we haýwanat dünýäsini
- 3. Sapaga gerekli edebiýatlar 1.Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”. Aşgabat, 2007 2.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
- 4. 16..Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwlet adam üçindir”.- Aşgabat; 2008. 17. Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň dermenlyk ösümlikleri”. 1-2-nji tom.- Aşgabat
- 5. 1. Biologik baýlyklar barada düşünje. Adamzadyň üçünji müňýyllyga gadam basmagy, ylmyň we tehnikanyň güýçli depginler bilen
- 6. Başgaça aýdylanda, biologiki baýlyklar diýip, Ýer togalagynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniý resurslaryna aýdylýar. Şunda genetiki resurslaraýratyn
- 7. 2. Türkmenistanyň biologik baýlyklary. Türkmenistanda ösümlik we haýwanat dünýäsini (biodürlüligi) goramak meseleleriniň çözlüşi.
- 8. Türkmenistan Watanymyz tebigy baýlyklara örän baýdyr, Günortasy Türkmen-Horasan ýaş dag ulgamy we Pamir-Altaý daglarynyň günbatar gerişleri
- 9. Tebigy baýlyklary peýdalanmagyň hasabyna ösüşiň depginini güýçlendirmek mümkin däl. Soňky ýyllarda biotehnologiýada gazanylan üstünlikler giň gerime
- 10. Türkmenistanyň çäginiň 80% -e golaýyny çöller tutup, dünýäde iň uly çölleriň biri Garagum çölidir. Garagumda ösümlikleriň
- 12. Köýtendagda – 240, şol ekoulgamlarda olaryň sany az, takyrlarda – 90 görnüş, gumlarda – 68, has
- 13. Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi diňe bir görnüş taýdan dürli bolman, eýsem gelip çykyşy boýunçada dürlidir. Türkmenistanyň haýwanat
- 14. Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi diňe bir görnüş taýdan dürli bolman, eýsem gelip çykyşy boýunçada dürlidir. Türkmenistanyň haýwanat
- 15. Türkmenistanyň haýwanat dünýäsinde aw ähmiýetlileri köpdür. Awçylyk bilen baglanyşykly 1998-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-sinde “Aw awlamak
- 16. Adaty awlanýan haýwanlar tilki, towşan, möjek, ýekegapan, käkilik, suw guşlary we batga guşlary awlanylýar. Aw etmeklik
- 17. 3. “Ösümlik dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny
- 18. Türkmenistan Watanymyz Garaşsyzlygyny alandan soň tebigaty goramak bilen baglanyşykly iňňän möhüm kararlar, kanunlar we beýleki hukuk
- 19. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi. Onda tokaýdan peýdalanmagyň görnüşleriniň kesgitlenilmegi. Tokaýlar özleriniň ägirt uly ykdysady ähmiýetinden başga-da, biosfera,
- 20. Ýer togalagynda tokaýlaryň azalmagy Ýer üstünde adamzat üin zyýanly hadysalaryň emele gelmgine sebäp bolýar, tokaýlaryň çapylmagy,
- 21. Beýleki köp sanly tebigy baýlyklar bilen deňeşdirlende, seýrek tokaýlar öwezi dolunýan tebigy baýlyklara degişlidir, ýöne topragyň
- 22. Bularadn başga-da, bu tokaýlyklarda igde agajynyň az sanly düýpleri duş gelýär, köplenç bolsa özbaşdak tokaý bolup
- 23. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi tokaýlary durnukly dolandyrmak – tokaý-lary abat saklamak, goramak, peýdalanmak, üznüksiz köpeldip durmak, Türkmen-istanyň
- 24. ● gorag maksatly tokaýlar (derýalaryň, kölleriň, suw howdanlarynyň we beýleki suw desgalarynyň kenarlary boýunça ýerleşen suw
- 25. Umuman, Türkmenistanyň täze Tokaý kodeksinde tokaý babatdaky hukuk kadalary has giňeldilip, onda eziz Watanymyzyň gymmatly milli
- 26. Orta asyrlarda dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti has hem artypdyr. Görnükli lukman Abu Ali Ibn Sina (Lukman hekim)
- 27. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly düýpli işinde ýurdumyzyň çäklerinde bitýän dermanlyk ösümlikler
- 28. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly düýpli işinde ýurdumyzyň çäklerinde bitýän dermanlyk ösümlikler
- 29. Dermanlyk çig mallary taýýarlananda aşakdaky düzgünleri berjaý etmeli: ● agaç ösümliklerinden dermanlyk materiallar taýýarlananda esasy we
- 30. Dermanlyk ösümlikleriň ätiýaçlyklaryny gorap saklamak üçin, olaryň çig mallaryny tygşytly taýýarlamakdan başga-da özara baglanyşykly birnäçe çäreleri
- 31. Dermanlyk ösümliklerini medenileşdirmek – senagat üçin ýeterlik gorlary bolan dermanlyk ösümlikleriniň esasy görnüşlerini medenileşdirmekligi öz içine
- 32. 3. Ýer ýüzüniň haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ony paýhasly peýdalanmak.
- 33. Haýwanat dünýäsi – bu kesgitli bir meýdany (territoriýany) eýeleýän we tebigy erkinlik ýagdaýynda bolan ýabany haýwanlaryň
- 35. Haýwanlaryň ähli görnüşleriniň Ýer planetasynyň genetiki hazynasyny (fonduny) emele getirýändiklerini, olaryň ählisiniň gereklidiklerini we peýdaly-dygyny bellemek
- 36. Alymlar haýwanlaryň biologiki dürlüliginiň ýitirilmeginiň, olaryň birnäçe görnüşleriniň Ýer ýüzünden ölüp-ýitip gitmeginiň we sanlarynyň azalmagynyň esasy
- 37. 5. “Haýwanat dünýäsini goramak we ondan rejeli peýdalanmak hakynda” we „Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini
- 38. Haýwanat dünýäsi baradaky kanunçylyk Türkmenistanyň kanunçylygynyň ulgamynda özbaşdak pudak hasaplanýar hem-de möhüm tebigy baýlyk bolan haýwanat
- 39. Türkmenistanyň kanunçylygynda haýwanat dünýäsini goramak we ondan rejeli peýdalanmak amala aşyrylanda berjaý edilmeli esasy talaplar göz
- 40. Kanunçylykda haýwanat dünýäsini goramak we ondan rejeli peýdalanmak babatda raýatlaryň hukuklary we borçlary kesgitlenendir. Olaryň hukuklaryna
- 41. Kanunçylykda bellenilişi ýaly, haýwanat dünýäsi babatda Türkmenistanyň raýatlarynyň üstüne şu aşakdaky borçlar ýüklenilýär: ◙ haýwanat dünýäsine
- 42. Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda kabul edilen we 2011-nji ýylyň 28-nji maýynda güýje giren
- 43. suwuň bioserişdeleriniň üznüksiz köpeldilişine, peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligine; balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynyň rejeli peýdalanylyşyny
- 44. 6. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikler we haýwanlar barada käbir maglumatlar.
- 47. Adam tebigaty peýdalanmak bilen bir hatarda, tebigy landşaftlary özgerdýär, asyrlar dowamynda emele gelen tebigy toplumlary (biogeosenozlary)
- 48. Gyzyl kitaba atlary ýazylan ýabany haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek görnüşlerini goramakda we olaryň bikanun söwdasyny çäklendrmekde
- 49. Türkmenistanyň ilkinji Gyzyl kitaby 1985-nji ýylda, ikinji neşiri 1999-njy ýylda, üçünji neşiri bolsa Türkmenistanyň mukaddes döwlet
- 50. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň 1999-nji ýyldan çapdan çykan ozalky ikinji neşiri hem iki tomdan ybaratdy. Gyzyl
- 51. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ikinji neşiriniň çapdan çykaly bäri on iki ýyla golaý wagt
- 53. Скачать презентацию
Слайд 2SAPAGYŇ MEÝILNAMASY
1. Biologik baýlyklar barada düşünje
2. Türkmenistanyň biologik baýlyklary.
SAPAGYŇ MEÝILNAMASY
1. Biologik baýlyklar barada düşünje
2. Türkmenistanyň biologik baýlyklary.
3. “Ösümlik düýäsini goramak rejeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny
4. Ýer ýüzüniň haýwanat dünýäsini gorap saklamak we ony paýhasly peýdalanmak
5. “Haýwanat dünýäsini gorap saklamak we ondan rejeli peýdalanmak hakynda” we “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň kanunlary
6. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümliler we haýwanlar barada käbir maglumatlar.
Слайд 3
Sapaga gerekli edebiýatlar
1.Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”. Aşgabat,
Sapaga gerekli edebiýatlar
1.Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”. Aşgabat,
2.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow. Gysgaça terjimehal. Aşgabat, 2007
“Halkyň ynam bildireni”. Asgabat, 2007
3.Gurbanguly Berdimuhamedow “Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr”. Aşgabat, 2007
4.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasaty. “Wakalaryň hronikasy”. Aşgabat, 2007
5.Gurbanguly Berdimuhamedow. “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdy”. Aşgabat, 2007
6.Gurbanguly Berdimuhamedow. Eserler ýygyndysy. Aşgabat, 2007
7.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdy täzeden galkyndyrmak baradaky syýasaty. Aşgabat, 2007
8.Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”. Aşgabat: Ylym, 2007
9.Gurbanguly Berdimuhamedow. “Döwlet adam üçindir”. Aşgabat, 2008
10.Gurbanguly Berdimuhamedow. “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”. Aşgabat, 2009
11.Gurbanguly Berdimuhamedow. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” 1-nji tom. Aşgabat, 2009
12.Gurbanguly Berdimuhamedow. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” 2-nji tom. Aşgabat, 2010
13.Gurbanguly Berdimuhamedow. “Türkmenistan – melhemler mekany”. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011
14.Türkmenistanyň Prezidentiniň “Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherçeleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin” Milli maksatnamasy. Aşgabat, 2007
15. “Parahatçylyk, döredijilik, progres syýasatynyň dabaralanmagy” Aşgabat, 2007
Слайд 416..Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwlet adam üçindir”.- Aşgabat; 2008.
17. Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň dermenlyk ösümlikleri”.
16..Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwlet adam üçindir”.- Aşgabat; 2008.
17. Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň dermenlyk ösümlikleri”.
18.Durdyýew S.K., Saparow O., Orazow M., Gurbandurdyýew G. “Ekologiýa”. Aşgabat, 2005
19.Genjiýew R.G, S.Durdyýew, H.Asadowa, N.Jumaýew, Ö. Sopyýew, Ş.Aşyrmyradowa “Ekologiýa daşky gurşawy goramak”. –Aşgabat ;TDNG, 2012.
20.Бродский А.К. «Краткий курс общей экологии». Санкт-Петербург, 1999
21.Коробки В.И., Передельский Л.В. «Экология» учебник для вузов. Ростов на-Дону: Феникс, 2011.
22.Петров К.М. «Экология взаимодействие общества и природы». Санкт-Петербург, 1999
23.Петров К.М. «Экология человека и культура». Санкт-Петербург, 1999
24.Пономарева И.Н., Соломин В.П., Корнилова О.А. «Общая экология» учебное пособие для студентов. М: Мой учебнок, 2005
25.Прохоров Б.Б. «Экология человека» учебник для вузов. М.: Издательский центр «Академия», 2003.
26.Шилов И.А. «Экология» учебник для студентов вузов – М.: Высшая школа, 2000
27. .Прохоров Б. Б. Экология человека. Учебник для вузов. – М.: Издательский центр «Академия», 2003.
28. .Чернова Н. М., Былова А. М. Экология – М., 1988.
29.Коробки В. И., Передельский Л. В. Экология. Учебник для вузов. – Ростов на-Дону: Феникс, 2011.
Слайд 51. Biologik baýlyklar barada düşünje.
Adamzadyň üçünji müňýyllyga gadam basmagy, ylmyň we
1. Biologik baýlyklar barada düşünje.
Adamzadyň üçünji müňýyllyga gadam basmagy, ylmyň we
Biologiki baýlyklar – bular biosferanyň janly gurşawy dörediji düzüm bölekleridi (komponentleridir). Olara produsentler, konsumentler we redusentler hem-de bularda saklanýan genetiki materiallar degişlidirler. Biologiki baýlyklar adamlaryň maddy we ruhy baýlyklary alýan esasy çeşmesi hasaplanýarlar. Biologiki baýlyklaryň esasy görnüşleriniň hataryna aşakdakylar degişlidirler:
♦ promysel obýektleri;
♦ medeni ösümlikleri;
♦ öý haýwanlary;
♦ ajaýyp tegigy landşaftlar;
♦ mikroorganizmler.
Слайд 6Başgaça aýdylanda, biologiki baýlyklar diýip, Ýer togalagynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniý resurslaryna
Başgaça aýdylanda, biologiki baýlyklar diýip, Ýer togalagynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniý resurslaryna
Ösümlikler tebigatda biosferanyň beýleki janly-jandarlarynyň ýa-da hiç hili tehnikanyň bitirip bilmejek işini ýerine ýetirýärler. Bu işler ösümliklerde geçýän fotosintez hadysasy bilen baglanyşyklydyr. Ösümlikler topraga, suwa, mör-möjeklere we beýleki haýwanlara uly täsir edip, tebigatda maddalaryň çalşyp durmagyny üpjün edýärler. Bulardan başga-da, ösümlikler çölleriň süýşüp giňelmezligine, derýa kenarlarynyň oprulmazlygyna, suwuň ýeriň ýüzüne deňräk ýaýramagyna, ýer asty suwlaryň aşak çökmegine täsir edýär.
Ýer togalagynyň haýwanat dünýäsi ähli janly organizmleriň biomassasynyň bary-ýogy 2%-e golaýyny tutýan hem bolsa, onuň biosferadaky tutýan orny uludyr. Munuň sebäbini haýwanlaryň energetiki hadysasynyň ýokary derejededigi, uly hereketi we köp görnüşliligi kesgitleýär.
Слайд 7
2. Türkmenistanyň biologik baýlyklary. Türkmenistanda ösümlik we haýwanat dünýäsini (biodürlüligi) goramak
2. Türkmenistanyň biologik baýlyklary. Türkmenistanda ösümlik we haýwanat dünýäsini (biodürlüligi) goramak
Слайд 8Türkmenistan Watanymyz tebigy baýlyklara örän baýdyr, Günortasy Türkmen-Horasan ýaş dag ulgamy we
Türkmen halky asyrlaryň dowamynda medeni-ruhy mirasyň aýrylmaz bir bölegi bolan, jemgyýetçilik we ahlak-terbiýe meselelerini hem öz içine alýan tebigat bilen ylalaşykda hem-de sazlaşykda ýaşamagyň özlerine mahsus bolan ýollaryny gözläpdirler. Watanymyzyň tebigatynyň gözelligi halkymyzyň milli däp-dessurlaryna, urp-adatlaryna juda meňzeş bolup, ol özünde ajaýyp gözelligi jemleýär.
Türkmenistan milli hem bütindünýä biodürliligi goramak meselesini çözmekde özüniň gyzyklanýandygyny aýan edip, 1996-njy ýylyň 18-nji iýunynda „Biologik dürlülik“ hakyndaky konsepsiýany tassyklady. Biodürlülik hakyndaky mesele esasy ekologik mesele bolup durýar. Häzirki wagtda haýwanlaryň 10 müňe, ösümlikleriň 8 müňe golaý görnüşi Tebigaty goramagyň Halkara Bileleşiginiň Gyzyl sanawyna girizildi. Kabul edilen Konsepýsiýanyň esasy maksady – biologik dürlüligi, ýagny ähli janly-jandarlary genetik, görnüş we ekoulgam derejesinde goramak, biodürlüligi emele getirýän düzümi ýurtlaryň ýerlikli peýdalanmagyny üpjün etmek, genetik baýlyklary ulanmakdan gazanylan haýry adalatlyk, deňlik esasynda paýlaşmak, degişli tehnologiýalary alşyp-berişmek, ösýän ýurtlarda adam tarapyndan ýetirilýän zyýan azaldýan ekologik, kuwwat toplaýjy serişde we maglumatlar tehnologiýalaryny ýaýratmak Konsepsiýanyň esasy taglymaty bolup, Türkmenistanyň biodürlüligi dünýäniň beýleki tebigy ulgamlary bilen berk baglanyşykly we ençeme müňýyllyklardan bäri gelýän milli mirasdyr.
Слайд 9Tebigy baýlyklary peýdalanmagyň hasabyna ösüşiň depginini güýçlendirmek mümkin däl. Soňky ýyllarda biotehnologiýada
Tebigy baýlyklary peýdalanmagyň hasabyna ösüşiň depginini güýçlendirmek mümkin däl. Soňky ýyllarda biotehnologiýada
Türkmenistanda biodürliligiň ýagdaýyna syn işlenilip taýýarlanylyp, giňiş-leýin ara alyp maslahatlaşyldy. Biziň ýurdumyzyň ekologik ulgamynyň dürlüligi çöllük, daglyk, kenarýaka suwlar) we tebigy toplumlaryň bozulan derejesi nazara alnyp, olary goramaklygyň gaýtadan dikeltmegiň möhletleri göz öňünde tutuldy. Biologik dürlüligiň meselelerini çözmeklik ýurduň ykdysady taýdan täzeden dikelmeginiň kuwwatly çeşmeleriniň biri bolup durýar. Ösümlikler biosferanyň iň esasy bölegidir. Ýer togalagynda ösümlikleriň 500 000 gowrak görnüşleri bolup, Türkmenistanda 7064 görnüşi (pes derejeliler 3924, ýokary derejeliler 3140) hasaba alyndy.
Слайд 10Türkmenistanyň çäginiň 80% -e golaýyny çöller tutup, dünýäde iň uly çölleriň biri
Pes derejeli ösümliklere kömelekler, suwotular, bakteriýalar, wiruslar degişli. Türkmenistanda pes derejelileriň içinde kömelekler giňden öwrenilendir. Türkmenistanyň çäklerinde kömelekleriň 2585-e golaý görnüşi belli edilip, olaryň aglabasy Merkezi Köpetdagdan tapylan telpekli kömeleklerdir. Türkmenistanyň medenileşdirilen toprakly ýerlerinden 213 görnüş tapylyp, olaryň içinde saprofitler we haýwanlarda, ösümliklerde kesel ýaýradyjy kömelekler hem bar. Türkmenistanyň suwlaryndan suwotularyň 827 görnüşi belli edilip, olaryň içinde agdyklyk edýänleri ýaşyl, diatom suwotulary, jemi 636 görnüş lişaýnikleriň (agaç gabygynyň, daşyň ýüzünde bitýän gyrgyçlar) sanawy 470 görnüşden ybarat. Lişaýnikleriň Köpetdagda – 422 görnüşi,
Слайд 12Köýtendagda – 240, şol ekoulgamlarda olaryň sany az, takyrlarda – 90 görnüş,
Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi görnüş taýdan baýdyr. Bu ýerde mör-möjekleriň 9000-den gowrak görnüşi, tegelek agyzlylaryň 1, balyklaryň 136, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 5, süýrenjileriň 89, guşlaryň 411, süýdemdirijileriň 105 görnüşi duş gelýär (Rustamow, 2011). Türkmenistanyň çäklerinde haýwanlaryň jemi 12700-e golaý görnüşiniň duş gelýändikleri hasaba alyndy.
Türkmenistanyň haýwanlary gazaply çöl şertlerine uýgunlaşandyrlar, olaryň käbir görnüşleri jöwzaly tomsuň yssysyndan goranyp, diňe agşamlaryna iýmit gözlegine çykýarlar. Haýwanlaryň köpüsi öz ýaşaýan gurşawyna uýgunlaşandyrlar, meselem çöl pyşdyllary tomus ukusyna gidýärler.
Слайд 13Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi diňe bir görnüş taýdan dürli bolman, eýsem gelip çykyşy
Türkmenistanyň daglarynda haýwanlaryň dürli görnüşleri ýaşap, süýdemdirijilerden dag geçisi, dag goçy, bars, syrtlan, gaplaň, möjek, itaýy, olykirpi, guşlardan Hazar ulagy, dag hindi tawusy, kawkaz bilbili, käkilikler duşýar. Ýyrtyjy guşlardan daglarda garaguş, syçançy, göwenek, hüwi duş gelýär.
Слайд 14Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi diňe bir görnüş taýdan dürli bolman, eýsem gelip çykyşy
Türkmenistanyň daglarynda haýwanlaryň dürli görnüşleri ýaşap, süýdemdirijilerden dag geçisi, dag goçy, bars, syrtlan, gaplaň, möjek, itaýy, olykirpi, guşlardan Hazar ulagy, dag hindi tawusy, kawkaz bilbili, käkilikler duşýar. Ýyrtyjy guşlardan daglarda garaguş, syçançy, göwenek, hüwi duş gelýär.
Слайд 15Türkmenistanyň haýwanat dünýäsinde aw ähmiýetlileri köpdür. Awçylyk bilen baglanyşykly 1998-nji ýylyň oktýabr
Türkmenistanyň haýwanat dünýäsinde aw ähmiýetlileri köpdür. Awçylyk bilen baglanyşykly 1998-nji ýylyň oktýabr
Türkmenistanda suw guşlarynyň we batgalykda ýaşaýan guşlaryň gyşlaýan ýerlerinde 80-e golaý görnüşi, ülkämizde höwürtgeleýän guşlaryň bolsa birnäçe görnüşi awlanylýar.
Biziň ýurdumyzda seýrek duş gelýän we az sanly haýwanlardan gulan, buhar suguny, dag goçy, dag tekesi, keýik, alajabars, garagulak, dag samyry, alajagözen, gunduz, turaç, gyşlaýan guşlardan gyzylinjik, togdary, bezbeltek, ak leglek we ş.m. awlamak gadagan edilendir (34-nji surat).
Слайд 16Adaty awlanýan haýwanlar tilki, towşan, möjek, ýekegapan, käkilik, suw guşlary we batga
Adaty awlanýan haýwanlar tilki, towşan, möjek, ýekegapan, käkilik, suw guşlary we batga
Слайд 173. “Ösümlik dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak hakynda”
Türkmenistanyň Kanuny
3. “Ösümlik dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak hakynda”
Türkmenistanyň Kanuny
Слайд 18Türkmenistan Watanymyz Garaşsyzlygyny alandan soň tebigaty goramak bilen baglanyşykly iňňän möhüm kararlar,
Türkmenistan Watanymyz Garaşsyzlygyny alandan soň tebigaty goramak bilen baglanyşykly iňňän möhüm kararlar,
1993-nji ýylyň dekabr aýynyň 28-ne “Ösümlik dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak” hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun ekologik ulgamlaryň we biosferanyň durnuklylygyny hem-de kadalylygyny üpjün etmegiň esasy hökmünde Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň biodürlüligini saklamak üçin, şeýle hem dikeltmek üçin, häzirki we geljkki nesilleriň hatyrasyna töweerkdäki tebigy gurşawy abat saklamak hem-de gowulandyrmak üçin degişli şertleri döretmek maksadyny göz öňünde tutýar.
“Ösümlik dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak” hakyndaky Kanun ösümlik dünýäsini goramakda möhüm orny eýeledi. Ösümlik dünýäsini goramak hakyndaky we ondan rejeli peýdalanmak hakyndaky kanun ösümlikleriň döwlet eýeiliginde durýandygyndan ugur alyp, ösümlik dünýäsine eýelik etmek hukugy, ondan peýdalanmak hukugy, peýdalanmagyň tertibi we tölegliligi bardaky düzgünler berkidildi.
Bulardan başga-da, ösümlik örtügini üznüksiz köpeltmek, onuň önümliligini we durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de ösümlik dünýäsini dikeltmek, ösümlik örtügini goramagy üpjün etmek borçlary, şeýle hem ösümlik dünýäsini goramak babatda tebigaty goraýyş döwlet edaralarynyň wezipeleri; seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astyndaky ösümlikleriň görnüşlerini hem-de ösümlik toplumlaryny goramak; ösümlik dünýäsini goramaklyga döwlet gözegçiligi; ösümlik dünýäsi bilen baglanyşykly jedelli meseleleriň çözüliş tertibini öz iine alýar.
Слайд 19Türkmenistanyň Tokaý kodeksi. Onda tokaýdan peýdalanmagyň görnüşleriniň kesgitlenilmegi.
Tokaýlar özleriniň ägirt uly
Tokaýlar özleriniň ägirt uly
Tokaýlaryň topragy we suw baýlyklaryny goramakda hem uly orny bar. Tokaýlaryň tebigatdaky eroziýa hadysalarynyň öňüni almakda hem, uly orny bardyr, bu bolsa oba-hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmaklyga kömek edýär. Tokaýlaryň ähmiýetini şu aşakdaky yzygiderlik boýunça görkezse bolar:
Tokaý – suw, suw – hasyllylyk, hasyllylyk – ýaşaýyş. Tokaýlaryň gyrymsy we otjumak ösümlikleri derýalaryň kenarlaryny suwuň urulma täsirinden goraýar. Agaçlaryň kökleri suwy saklamak bilen, topragyň güýçli ýuwulmagynyň we şorlamagynyň öňüni alýar. Tokaýlar atmosferany fitonsidler bilen baýlaşdyrýar.
Слайд 20Ýer togalagynda tokaýlaryň azalmagy Ýer üstünde adamzat üin zyýanly hadysalaryň emele gelmgine
Türkmenistanda tokaýly ýerler azdyr. Tokaýlar daglarda, derýa jülgelerinde, suwarymly ýerlerde we çägeli çöllerde (sazak tokaýlary) ýaýrandyr. Türkmenistanyň tokaýlarynyň esasy bölegi “Gök guşak” paýdarlar jemgyýetine birlşen tokaý hojalyk kärhanalarynyň, şonuň ýaly-da Tebigaty goramak ministrliginiň kärhanalarynyň we guramalarynyň garamagynda degişlidir.
Слайд 21Beýleki köp sanly tebigy baýlyklar bilen deňeşdirlende, seýrek tokaýlar öwezi dolunýan tebigy
Beýleki köp sanly tebigy baýlyklar bilen deňeşdirlende, seýrek tokaýlar öwezi dolunýan tebigy
Слайд 22Bularadn başga-da, bu tokaýlyklarda igde agajynyň az sanly düýpleri duş gelýär, köplenç
Tokaýlar Türkmenistanyň milli baýlygy hasaplanýar. Çöl klimat şertleri mahsus bolan ýurdumyzda tokaýlar ilatly ýerleri we ekin meýdanlaryny ýalynly epgeklerden, güýçli ýellerden we tozanlardan goramakda, adamlar we haýwanlar üçin amatly mikroklimaty döretmekde iň netijeli serişdeleriň biri hasaplanýar. Mundan başga-da, tokaýlar hojalyk we sagaldyş-dynç alyş ähmiýetine hem eýedir.
Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň 2011-nji ýylyň mart aýynda bolan dokuzynjy maslahatynda kabul edilen möhüm kanunçylyk resminamalaryň biri-de Türkmenistanyň Tokaý kodeksidir.
Türkmenistanyň täze Tokaý kodeksi tokaýlary we tokaý baýlyklaryny durnukly dolandyrmak, mundan beýläk hem ösdürmek we kämilleşdirmek, olary köpeltmäge we tokaýlaryň biodürlüligini, netijeliligini, üznüksiz köpelmäge ukyplylygyny, ekologik, ykdysady we durmuş wezipeleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen kabul edildi. Ol şeýle hem, tokaýlaryň ähliumumy ekologik ähmiýetine eýedigini nazara almak bilen, tokaýlardan netijeli, köp maksatlaýyn peýdalanmaga we olary köpeltmäge, goramaga gönükdirilendir.
Слайд 23Türkmenistanyň Tokaý kodeksi tokaýlary durnukly dolandyrmak – tokaý-lary abat saklamak, goramak, peýdalanmak,
Türkmenistanyň Tokaý kodeksi tokaýlary durnukly dolandyrmak – tokaý-lary abat saklamak, goramak, peýdalanmak,
Türkmenistanyň Tokaý kodeksi jemi 12 bapdan we 68 maddadan ybarat. Kodeksiň “Umumy düzgünler” diýlip atlandyrylýan I babynyň tokaý düşünjesine we Kodeksdäki beýleki adalgalara (jemi 45 sany) giňişleýin düşündirişleri bermekden başlanmagy, onuň maddalaryndaky hukuk kadalara düşünmekligi ýeňilleşdirýär. Täze Kodeksde maddalaryň aýratyn baplarda ýerleşdirilmegi onda sazlaşygyň üpjün edilendigini görkezýär. Kodeksiň I bölüminiň 1-nji maddasynda tokaý düşünjesine ilkinji gezek şeýle kesgitleme berilýär: tokaý – iň az meýdany 0,5 gektary düzýän, iň az giňligi 3 metr bolan agaç-gyrymsy ösümlik agdyklyk edýän biologik köpdürliligiň we tebigy gurýşawyň özara baglanyşykly we özara hereket edýän düzüm birlikleriniň jemi hem-de bu meýdanyň azyndan 10 göteriminiň proýektiw örtügi. Bu wajyp düşünje ýurdumyzyň çäklerinde ösýän ösümlikleriň haýsy toparyny tokaýlara degişli etmelidigini anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Kodeksiň III baby tokaýlary derejeleri boýunça toparlara bölmegiň hukuk düzgünlerine bagyşlanan. Bu babyň maddalarynda Türkmenistanyň tokaýlary şu aşakdaky derejelere bölünýär:
Слайд 24● gorag maksatly tokaýlar (derýalaryň, kölleriň, suw howdanlarynyň we beýleki suw desgalarynyň
● gorag maksatly tokaýlar (derýalaryň, kölleriň, suw howdanlarynyň we beýleki suw desgalarynyň
● ýörite maksatly tokaýlar (aýratyn goralýan tebigy ýerleriň tokaýlary; şäher tokaýlary; rekreasion we sagaldyş tokaýlary; serhet zolagynda we serhet gözegçilik ýerlerinde, şeýle hem goranyş hajatlary üçin gerek bolan ýerlerdäki tokaýlar; aýratyn gymmatly tokaý massiwleri; ylmy ýa-da taryhy ähmiýeti bolan tokaýlar);
● önümçilik maksatly tokaýlar (ýörite maksatly we gorag maksatly tokaýlara degişli edilmedik, agaç we beýleki tokaý serişdelerini taýýarlamak üçin niýetlenen tokaýlar).
Слайд 25Umuman, Türkmenistanyň täze Tokaý kodeksinde tokaý babatdaky hukuk kadalary has giňeldilip, onda
Umuman, Türkmenistanyň täze Tokaý kodeksinde tokaý babatdaky hukuk kadalary has giňeldilip, onda
Dermanlyk ösümlikleri ýygnamak we olardan rejeli peýdalanmak. Kesel-leri bejermekde we saglygy berkitmekde ösümliklerden peýdalanmak gadym wagtlardan bäri dowam edip gelýär. Ösümlikleriň kesel bejerijilik häsiýetleri barasyndaky maglumatlar nesilden-nesle geçip gelipdir. Ýazuwyň peýda bolmagy bilen ösümlikleriň peýda;y häsiýetleri baradaky maglumatlary ýazga geçirmeklik başlanypdyr, bu bolsa olaryň amaly taýdan ulanylyşyny has giňeldipdir.
Слайд 26Orta asyrlarda dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti has hem artypdyr. Görnükli lukman Abu Ali
Orta asyrlarda dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti has hem artypdyr. Görnükli lukman Abu Ali
Ösümlikleriň birtopary dermanyň egsilmez baýlygydyr. Häzirki zaman lukmançylyk amalyýeti ösümliklerden alynýan derman serişdelerini ulanmakdan çetde durup bilmez. Belli bolşy ýaly, takmynan her bir dördünji derman ösümlik çig mallaryndan taýýarlanylýar. Gazaply tebigy şertlerine seretmezden, Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi örän baýdyr we dürli-dürlidir. Onda 300-e golaý dermanlyk ösümlikler ösýär. Ösümlik dünýäsine Türkmenistanyň daglyk etraplary has-da baýdyr. Köpetdagda ýabany ösümlikleriň 1700 görnüşi ösüp, olardan 332 sanysy endemikdir, ýagny dünýäniň hiç bir ýerinde duşman, diňe şol ýerlerde ösýän ösümliklerdir.
Türkmenistanyň klimaty çürt kesik kontinentaldyr. Tomus paslynda howanyň gyzgyn we gurak, gün radiasiýasynyň ýokary bolmagy ösümlikleriň köpüsiniň dermanlyk häsiýetlerini şertlendirýän gymmatly biologik işjeň birleşmeleriň toplanmagyna ýardam edýär. Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň aglaba görnüşleri dürli keselleri bejermek üçin ýerli halk tarapyndan has öňräkden bäri ulanylyp gelinýär.
Слайд 27Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly düýpli işinde ýurdumyzyň
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly düýpli işinde ýurdumyzyň
Dermanlyk ösümlikleriň ätiýaçlyklaryny goramak. Biziň döwletimiz dermanlyk ösümliklerine örän baýdyr. Ýöne muňa seretmezden dermanlyk üçin ösümlikleri taýýarlamak, olardan rejeli peýdalanmak hökmandyr. Eger-de şeýle işler ylmy esasda meýilleşdirilip geçirilse, onda dermanlyk ösümliklikleriň tebigy baýlyklarynyň azalmagyna ýa-da ýitip ýok bolmagyna getirip biler.
Dermanlyk ösümlikleriň ösýän ýerlerinde otlary orup ýatyrmak ýa-da ol ýerlerde mallary bakmak, oba hojalygy üçin täze ýerleri özleşdirmek işleri geçirilende dermanlyk ösümlikleriniň mundan beýläk azalmagyna getirip biler. Şol sebäpli dermanlyk ösümlikleriň ätiýaçlyklarynyň azalmagyna garşy işleri geçirmek zerurlygy ýüze çykýar. Onuň üçin dermanlyk ösümlikleriň ätiýaçlyklarynyň umumy goruny kesgitlemeli, her ýylda aýry-aýry meýdanlardan, etraplardan, welaýatlardan ýygnalmaly dermanlyk ösümlikleriň görnüşlerini we ýygnalmaly mukdaryny kesgitlemeli. Senagat taýdan ýaramly bolan dermanlyk ösümlikleriniň giň ýaýran ýerlerini kartada bellemeklik hem uly peýda getirýär.
Слайд 28Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly düýpli işinde ýurdumyzyň
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly düýpli işinde ýurdumyzyň
Dermanlyk ösümlikleriň ätiýaçlyklaryny goramak. Biziň döwletimiz dermanlyk ösümliklerine örän baýdyr. Ýöne muňa seretmezden dermanlyk üçin ösümlikleri taýýarlamak, olardan rejeli peýdalanmak hökmandyr. Eger-de şeýle işler ylmy esasda meýilleşdirilip geçirilse, onda dermanlyk ösümliklikleriň tebigy baýlyklarynyň azalmagyna ýa-da ýitip ýok bolmagyna getirip biler.
Dermanlyk ösümlikleriň ösýän ýerlerinde otlary orup ýatyrmak ýa-da ol ýerlerde mallary bakmak, oba hojalygy üçin täze ýerleri özleşdirmek işleri geçirilende dermanlyk ösümlikleriniň mundan beýläk azalmagyna getirip biler. Şol sebäpli dermanlyk ösümlikleriň ätiýaçlyklarynyň azalmagyna garşy işleri geçirmek zerurlygy ýüze çykýar. Onuň üçin dermanlyk ösümlikleriň ätiýaçlyklarynyň umumy goruny kesgitlemeli, her ýylda aýry-aýry meýdanlardan, etraplardan, welaýatlardan ýygnalmaly dermanlyk ösümlikleriň görnüşlerini we ýygnalmaly mukdaryny kesgitlemeli. Senagat taýdan ýaramly bolan dermanlyk ösümlikleriniň giň ýaýran ýerlerini kartada bellemeklik hem uly peýda getirýär.
Слайд 29Dermanlyk çig mallary taýýarlananda aşakdaky düzgünleri berjaý etmeli:
● agaç ösümliklerinden dermanlyk materiallar
Dermanlyk çig mallary taýýarlananda aşakdaky düzgünleri berjaý etmeli:
● agaç ösümliklerinden dermanlyk materiallar
● pyntyklar agaçlaryň we gyrymsylaryň ösüp duranlaryndan alynman, kesilen baldaklaryndan taýýarlanylýar;
● ýapraklar pudagyň aşaky we ortaky böleklerinden ýolunyp ýa-da kesilip alynýar, pudayň ujundaky ýaş ýapraklar galdyrylýar;
● ot ösümlikleri ýiti pyçak ýa-da orak bilen orulyp alynýar, ösümligiň köki, porrugy we soganlygy goparylmaly däl. Dermanlyk ot ösümligiň ýere degip duran bölekleriniň hili gowy bolmaýar, şonuň üçin olary almaly däl;
● güller we gül toplumlary çig mal hökmünde ýygnalanda olaryň belli bir bölegini ösümlikleriň tohumy arkaly köpelmekleri üçin galdyrmaly. Bu esasan hem bir we iki ýyllyk tohum bilen köpelýän ösümliklere degişli;
● agaçlardan güller we gül toplumlary ýygnalanda olaryň uly şahalary kesilmeli däl ýa-da döwüp almak bolmaýar;
● ösümligiň ýer asty böleklerinden çig mal taýýarlananda, olaryň miweleri ýetişip tohumlary we miwesi dökülenden soň ýygnalýar;
● ösümlikleriň tohum bilen köpelişini üpjün etmek üçin, uly ösümlikleriň belli bir bölegi, wegetatiw ýol bilen köpelýän ösümlikleriň klubenleriniň, porruklarynyň we soganlyklarynyň belli bir bölegi galdyrylýar. Ösümlikleriň ýaş ýer asty böleklerini ýygnamak maslahat berilmeýär, olardan ýeterlik mukdarda önüm alyp bolmaýar.
Слайд 30Dermanlyk ösümlikleriň ätiýaçlyklaryny gorap saklamak üçin, olaryň çig mallaryny tygşytly taýýarlamakdan başga-da
Guramaçylyk – dermanlyk ösümliklerden çig mallary taýýarlamagyň her ýylky we uzak möhletleýin meýilnamasyny düzmek, haýsy etraplardan ýygnalmalydygyny kesgitlemek.
Administratiw – ätiýaçlyk gorlary örän azalan seýrek görnüşler üçin goraghanalary we çäkli goraghanalary döretmek. Endemik we seýrek dermanlyk ösümlikleriň goralýan meýdanlaryny giňeltmek bilen birlikde, olary goramaklygy güýçlendirmek zerurdyr.
Terbiýeçilik – lukmançylykda dermanlyk ösümlikleriň ähmiýetini halkyň arasynda düşündirmek, özbaşdak bejermekligiň zyýanyny, dermanlyk ösümlikleriň goralyşyny, olaryň milli baýlygymyzdygyny gazet-žurnallaryň, radio-telewideniýeniň üsti bilen halka düşündirmek.
Ylmy-barlag – dermanlyk ösümlikleriniň düzümini, çig malyň hasabynym esasy bitýän ýerlerini, goruny hasaba almak. Çig malyň himiki düzümini, ösümliklerde maddalaryň toplanýan döwrüni kesgitlemek.
Слайд 31Dermanlyk ösümliklerini medenileşdirmek – senagat üçin ýeterlik gorlary bolan dermanlyk ösümlikleriniň esasy
Tehniki – çig maly taýýarlamakda tygşytly ýola goýmak, ösümlik çig mallaryny ýygnamagyň möhletleriniň we usullarynyň kesgitlenen düzgünlerini berjaý etmek, ösdürilip ýetişdirmek üçin ýaş we ene ösümliklerden galdyrmaklyk çäreleri geçirilmelidir.
Tebigata islendik gatnaşyk, ýagny dermanlyk çig mallary ýygnamak ýa-da dynç almak maksady bilen tebigata barylanda hem oňa zyýan ýetirmeli däldir. Tebigat aýawly we tygşytly çemeleşmek her bir adamyň mukaddes borjudyr. Dermanlyk ösümlikleriň ätiýaçlyklaryny tükeniksiz däldir, şonuň üçin olary tygşytly peýdalanmak, gorap saklamak biziň üçin we geljekki nesillerimiz üçin zerurdyr.
Слайд 32
3. Ýer ýüzüniň haýwanat dünýäsini gorap
saklamak, ony paýhasly peýdalanmak.
3. Ýer ýüzüniň haýwanat dünýäsini gorap
saklamak, ony paýhasly peýdalanmak.
Слайд 33Haýwanat dünýäsi – bu kesgitli bir meýdany (territoriýany) eýeleýän we tebigy erkinlik
Haýwanat dünýäsi – bu kesgitli bir meýdany (territoriýany) eýeleýän we tebigy erkinlik
Haýwanat dünýäsi daşky gurşawyň we Ýer togalagynyň biologiki dürlüli-giniň aýrylmaz bir bölegi hasaplanýar. Ol gaýtadan dileýän tebigy baýlyklaryň hataryna degişlidir. Haýwanat dünýäsi biosferanyň möhüm sazlaýyjy we kadalaş-dyryjy düzüm bölegi (komponenti) hasaplanýar.
Haýwanat dünýäsiniň esasy wezipesi (funksiýasy) – biosferadaky maddalaryň we energiýanyň aýlanyşygyna gatnaşmakdan ybaratdyr. Ekologiki ulgamlaryň durnuklylygy ilkinji nobatda has hereketjeň (mobil) element hökmünde haýwanlar tarapyndan üpjün edilýär.
Haýwanat dünýäsiniň diňe bir tebigy ekologiki ulgamyň iňňän möhüm düzüm bölegi bolman, eýsem onuň şol bir wagtyň özünde örän gymmatly biologiki baýlykdygyna akyl ýetirmen örän zerurdyr. Haýwanat dünýäsi tebigatda we adamyň ýaşaýşynda uly ähmiýete eýedir. Munuň şeýledigine 36-njy suratda beýan edilýän maglumatlardan hem görmek mümkin (36-njy surat).
Слайд 35Haýwanlaryň ähli görnüşleriniň Ýer planetasynyň genetiki hazynasyny (fonduny) emele getirýändiklerini, olaryň ählisiniň
Haýwanat dünýäsiniň tebigatdaky we adamzadyň durmuşyndaky ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna garamazdan, özüniň irki taryhy döwürlerinden başlap adamlar haýwanlary gyryp gelipdirler. Şeýlelikde haýwanlaryň biologiki dürlüliginiň güýçli depginler bilen azalmagy we hat-da onuň bütinleý suratda ýitirilmegi dowam edýär.
Слайд 36Alymlar haýwanlaryň biologiki dürlüliginiň ýitirilmeginiň, olaryň birnäçe görnüşleriniň Ýer ýüzünden ölüp-ýitip gitmeginiň
Alymlar haýwanlaryň biologiki dürlüliginiň ýitirilmeginiň, olaryň birnäçe görnüşleriniň Ýer ýüzünden ölüp-ýitip gitmeginiň
♦ haýwanlaryň ýaşaýan tebigy gurşawynyň asyl durkunyň bozulmagy;
♦ gadagan edilen ýerlerde hem promysel haýwanlaryň we beýleki görnüşleri köp mukdarda awlanmagy;
♦ ýat (keseki) görnüşleriň introduksiýasy (akklimatizasiýasy);
♦ önümi goramak maksady bilen haýwanlaryň gönüden-göni gyrylmagy;
♦ haýwanlaryň tötänleýin ýagdaýlarda gyrylmagy;
♦ daşky gurşawyň hapalanmagy.
Слайд 37
5. “Haýwanat dünýäsini goramak we ondan rejeli peýdalanmak hakynda” we „Balyk tutmak
5. “Haýwanat dünýäsini goramak we ondan rejeli peýdalanmak hakynda” we „Balyk tutmak
Слайд 38Haýwanat dünýäsi baradaky kanunçylyk Türkmenistanyň kanunçylygynyň ulgamynda özbaşdak pudak hasaplanýar hem-de möhüm
Haýwanat dünýäsi baradaky kanunçylyk Türkmenistanyň kanunçylygynyň ulgamynda özbaşdak pudak hasaplanýar hem-de möhüm
■ Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan, haýwanat dünýäsinden peýdalanmagyň görnüşleri we tertibi;
■ haýwanat dünýäsinden peýdalanmagyň hukuklary we borçlary;
■ haýwanat dünýäsini goramak boýunça çäreler;
■ haýwanat dünýäsiniň döwlet hasaby;
■ haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyna syn etmekligi guramak;
■ haýwanat dünýäsiniň goralyşyna we ondan rejeli peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligi;
■ haýwanat dünýäsi baradaky kanunçylygyň bozulmagy üçin jogapkärilik we beýlekiler berk gözegçilige alynýar.
Слайд 39Türkmenistanyň kanunçylygynda haýwanat dünýäsini goramak we ondan rejeli peýdalanmak amala aşyrylanda berjaý
Türkmenistanyň kanunçylygynda haýwanat dünýäsini goramak we ondan rejeli peýdalanmak amala aşyrylanda berjaý
● haýwanlaryň tebigy toplumlarynyň bütewiligini abat saklamak;
● tebigy erkinlik ýagdaýynda haýwanlaryň biologiki dürlüligini abat sak-lamak;
● haýwanlaryň ýaşaýyş gurşawyny, köpeliş şertlerini we göçüş ýollaryny goramak we abat saklamak;
● haýwanat dünýäsi babatda ylmy barlaglary geçirmek, olardan rejeli peýdalanmak we olary yzygiderli köpeltmek;
● ilatyň saglygyny goramak, oba hojalyk we öý haýwanlarynyň keselleme-gine ýol bermezlik, ykdysadyýete zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak maksady bilen haýwanlaryň sanyny kadalaşdyrmak.
Слайд 40Kanunçylykda haýwanat dünýäsini goramak we ondan rejeli peýdalanmak babatda raýatlaryň hukuklary we
Kanunçylykda haýwanat dünýäsini goramak we ondan rejeli peýdalanmak babatda raýatlaryň hukuklary we
◘ haýwanat dünýäsini goramak we ondan rejeli peýdalanmak boýunça jemgy-ýetçilik birleşiklerini döretmek;
◘ haýwanat dünýäsini goramak we ondan rejeli peýdalanmak boýunça döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çärelerine gatnaşmak;
◘ haýwanat dünýäsiniň umumy ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyk gelýän, haýwanlar barada rehimsizlige ýol bermeýän usullar bilen peýdalanmak;
◘ haýwanat dünýäsi barada doly maglumatlary almak;
◘ bellenilen tertipde haýwanat dünýäsini goramagyň we ondan rejeli peýdalanmagyň görnüşlerini kämilleşdirmek barada teklipleri girizmek;
◘ haýwanat dünýäsini goramak we ondan rejeli peýdalanmak hakyndaky kanunçylygyň özlerine mälim bolan bozulmalary barada habar etmek.
Слайд 41Kanunçylykda bellenilişi ýaly, haýwanat dünýäsi babatda Türkmenistanyň raýatlarynyň üstüne şu aşakdaky borçlar
Kanunçylykda bellenilişi ýaly, haýwanat dünýäsi babatda Türkmenistanyň raýatlarynyň üstüne şu aşakdaky borçlar
◙ haýwanat dünýäsine aýawly garamak we ony goramak;
◙ haýwanat dünýäsini goramak we ondan rejeli peýdalanmak baradaky Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynyň talaplaryny berjaý etmek;
◙ haýwanat dünýäsiniň goralyşyna we ondan peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmek;
◙ haýwanat dünýäsine we onuň ýaşaýyş gurşawyna ýetirilen zyýanyň öwezini öz wagtynda dolmak.
Haýwanat dünýäsini goramak we ondan rejeli peýdalanmak hakyndaky kanunçylygyň ösmegine 1998-nji ýylyň sentýabr aýynyň 15-inde kabul edilen “Aw awlamak we awçylyk hojalygyny ýöretmek hakyndaky” kabul edilen Türkmenis-tanyň Kanunyň ähmiýeti örän uludyr. Bu Kanunda kadalaşdyrylan möhüm meseleler: aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatda dolandyryş, döwlet gaznasy we awlaglar; bikanun aw awlamak; aw hojalygy, awlardan peýdalanmaklygyň hukuklary we borçlary, aw awlamak we awylyk hojalygyny ýöretmek baradaky kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik, döwlet aw gaznasynyň zatlarynyň döwlet hasaby, aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmegi ykdysady taýdan kadalaşdyrmak, aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmk baradaky kanunçylygyň bozulmagy üçin jogapkärçilik meselelerini öz içine alýar.
Слайд 42Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda kabul edilen we 2011-nji ýylyň
Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda kabul edilen we 2011-nji ýylyň
“Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny jemi 10 bapdan we 52 maddadan ybarat. Kanunyň “Umumy düzgünler” diýlip atlandyrylýan I babynyň 1-ni maddasynda şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjelere kesgitleme berilýär. Onda suwuň biologik serişdeleri – bular balyklar, suwda ýaşaýan oňurgasyzlar, suwda ýaşaýan süýdemdirijiler, suwotulary, tebigy erkinlik ýagdaýynda bolýan beýleki suw haýwanlary we ösümlikleri hasaplanýarlar diýlip kesgitlenýär. Kasnunyň şu maddasynda balyk tutmak düşünjesine şeýle kesgitleme berilýär: balyk tutmak – balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda suwuň bioserişdelerini awlamak (tutmak) boýunça iş.
Kanunyň 3-nji maddasynda kesgitlenişi ýaly, balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy şu aşakdaky ýörelgelere esaslanýar:
Слайд 43suwuň bioserişdeleriniň üznüksiz köpeldilişine, peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligine;
balyk hojalyk ähmiýetli suw
suwuň bioserişdeleriniň üznüksiz köpeldilişine, peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligine;
balyk hojalyk ähmiýetli suw
suwuň bioserişdeleriniň ýaşaýan gurşawyny goramaklyga;
suwuň bioserişdelerini paýlar boýunça peýdalanmaklyga;
suwuň bioserişdeleriniň döwlet monitoringine;
suwuň bioserişdelerini döwlet tarapyndan hasaba almaklyga;
seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astyndaky suwuň bioserişdelerini goramaklyga.
Balykçylyk – düşewüntli pudak. Balyk önümlerine bolan isleg gün-günden artýar. Balyk tutmak we ondan dürli tagamlary taýýarlamak öz gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. Bar bolan maglumatlara görä, her ýyl Ýer ýüzünde takmynan 50-60 million tonna balyk tutulýar we adamzadyň gymmatly iýmiti hökmünde peýdalanylýar. Onuň esasy iýmitligi düzüminde köp mukdarda belok maddasynyň, witaminleriňdir ýaglryň bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
Слайд 44
6. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikler we haýwanlar barada käbir maglumatlar.
6. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikler we haýwanlar barada käbir maglumatlar.
Слайд 47Adam tebigaty peýdalanmak bilen bir hatarda, tebigy landşaftlary özgerdýär, asyrlar dowamynda emele
Adam tebigaty peýdalanmak bilen bir hatarda, tebigy landşaftlary özgerdýär, asyrlar dowamynda emele
Häzirki wagtda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini gorap saklamaklyk zerurlygy aýdyň boldy. Ösümlik we haýwanat dünýäsi esasy genofond bolup, onuň ýitip ýok bolup gitmekligine ýol bermeli däl. Ýurdumyzyň florasy we faunasy gorap saklanmalydyr, ýitip gidenleri hem täzeden dikeltmek üin iş alyp barmaly. Şol maksatlar bilen Gyzyl kitap döredildi.
Gyzyl kitap – tebigat barada, özümizi çuňňur oýlandyrýan duýduryşdyr. Ol döwlet we jemgyýetilik guramalaryna, şonuň ýaly hem köp sanly tebigaty söýüjilere ýitip ýok bolup gitmek howpy abanýan ösümlik we haýwan görnüşleri barada howsalaly habary berýär. Gyzyl kitap seýrek we ýitip ýok bolup barýan haýwan hem-de ösümlik görnüşlerine aýawly garamagygyň zerurdygyna ünsi çekýär.
Слайд 48Gyzyl kitaba atlary ýazylan ýabany haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek görnüşlerini goramakda we
Gyzyl kitaba atlary ýazylan ýabany haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek görnüşlerini goramakda we
Слайд 49Türkmenistanyň ilkinji Gyzyl kitaby 1985-nji ýylda, ikinji neşiri 1999-njy ýylda, üçünji neşiri
Türkmenistanyň ilkinji Gyzyl kitaby 1985-nji ýylda, ikinji neşiri 1999-njy ýylda, üçünji neşiri
Слайд 50Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň 1999-nji ýyldan çapdan çykan ozalky ikinji neşiri hem
Слайд 51Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ikinji neşiriniň çapdan çykaly bäri on
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ikinji neşiriniň çapdan çykaly bäri on
Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň üçünji neşiriniň çapdan çykmagy döwletimiziň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.