Содержание
- 2. SAPAGYŇ MEÝILNAMASY 1. Populýasiýa barada düşünje 2. Görnüşleriň populýasion gurluşy we häsiýetnamasy 3. Populýasiýanyň üýtgäp durmagy
- 3. Sapaga gerekli edebiýatlar 1.Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”. Aşgabat, 2007 2.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
- 4. 16..Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwlet adam üçindir”.- Aşgabat; 2008. 17. Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň dermenlyk ösümlikleri”. 1-2-nji tom.- Aşgabat
- 5. 1. Populýasiýa barada düşünje. Populýasiýa näme? Ekologiýada populýasiýa diýip, öz aralarynda bir-birleri bilen gatnaşykda bolan hem-de
- 6. Jynsly köpeliş mahalynda genleriň alyş-çalşygy populýasiýany bitewi bir genetik ulgama öwürýär. Eger-de garşylyklaýyn tohumlanma ýok bolsa
- 7. Populýasiýalaryň ekologik häsiýetnamasy. Populýasiýanyň esasy ekologik häsiýetnamasy onuň möhüm görkezijileri hasaplanýar. Şol häsiýetnama aşakdaky ýaly görkezijiler,
- 8. Populýasiýanyň ekologik häsiýetnamasy.
- 9. Populýasiýanyň gurluşy. Populýasiýa üçin kesgitli bir gurluş mahsusdyr. Wekilleriň çäk boýunça paýlanyşy, toparlaryň jynslary, ýaş aýratynlyklary
- 10. 3. 2. Görnüşleriň populýasion gurluşy we häsiýetnamasy. Her bir görnüş kesgitli bir çägi, giňişligi (arealy) eýelemek
- 11. Populýasiýalaryň özbaşdaklaşma derejesi. Eger-de görnüşiň wekilleri ägirt uly giňişlikleri eýeläp, hemişe ondan-oňa göçýän, hereketlenýän hem-de biri-birleri
- 12. Ösümliklerde, az hereketlenýän haýwanlarda populýasiýalaryň sany daşky gurşawyň dürlüligine gös-göni bagly bolýar. Meselem, daglyk ýerlerde şonuň
- 13. 3. 3. Populýasiýanyň üýtgäp durmagy. Ekologiýa ylmyny öwreniji hünärmenleri diňe bir populýasiýalaryň düzümi we ululygy gyzyklandyrman,
- 14. 4. Populýasiýalaryň statistiki häsiýetnamasy. Populýasiýalaryň statistiki häsiýetnamasyna onuň gürlügi, dogluşy, ölüm-ýitimi, ýaş aýratynlyklarynyň düzümi degişlidir. Olaryň
- 15. Olaryň esasylary aşakdakylardyr: Umumy hasaplama usuly. Bu usul zähmeti örän köp talap edýän usuldyr. Onuň kömegi
- 16. Populýasiýanyň döreýşi. Döreýiş – bu populýasiýanyň sanynyň artmagyna bolan ukyplylygydyr. Iň ýokary döreýiş diýen düşünje doly
- 17. Tebigy şertlerde hem fiziologik we aňrybaş köpeliş haýal geçýär. Adatça çakdanaşa köp köpelişe diňe aýratyn amatly
- 18. Populýasiýanyň ölüm-ýitimi. Ölüm-ýitim populýasiýadaky wekilleriň ösmegini häsiýetlendirýär. Bu döreýiş hakyndaky düşünje bilen gapma-garşydyr. Döreýiş ýaly ölüm-ýitimi
- 19. Ýokary gurluşly bedenlerde ölüm hem edil döreýiş ýaly ýaşyň bir çene barmagy bilen, hemmä özüniň bardygyny
- 20. 5. Populýasiýalaryň ýaş aýratynlyklarynyň düzümi. Populýasiýanyň ýaş aýratynlyklarynyň düzümi onuň möhüm häsiýeti hasaplanýar. Ol döräp, köpelmäge
- 21. Populýasiýa babatynda üç sany ekologik ýaş aýratynlygy tapawutlanýar: ■ Köpelişe çenli döwürdäki ýaş aýratynlygy; ■ Köpelýän
- 22. 6. Janly organizçleriň özara ekologik gatnaşyklary we olaryň görnüşleri. Janly organizmleriň arasyndaky özara ekologik gatnaşyklar örän
- 23. Organizmleriň özara ekologik gatnaşyklarynyň ýokarda sanalyp geçilen görnüşlerine aýry-aýrylykda gysgaça garap geçeliň. Iýmit gatnaşyklary. Bu gatnaşyklar
- 24. 4-nji tablisa Organizmleriň özara ekologik gatnaşyklarynyň tipleri
- 25. Topiki gatnaşyklar. Bu gatnaşyklar bir görnüşiň ýaşaýyş işjeňliginiň (fiziki ýa-da himiki şertleriniň) üýtgemeklerini häsiýetlendirýär. Ol gatnaşyklar
- 26. Foriki gatnaşyklar. Bu gatnaşyklar bir görnüşiň beýleki bir görnüşiň ýaýramagyna kömek etmeginde döreýärler. Şunda ulag serişdeleri
- 27. Haýwanlaryň foreziýasy maýdaja bogunaýaklylaryň arasynda giňden ýaýrandyr. Bu hadysa sakyrtgalaryň arasynda aýratyn köp gabat gelýär. Ol
- 28. Fabriki gatnaşyklar. Biosenotik gatnaşyklaryň bu tipi mahalynda bir görnüş özüniň ýaşaýyş binasy (hini, ýatagy) üçin beýleki
- 29. Ýyrtyjy – pida gatnaşyklary – janly organizmleriň birine oňaýsyz, beýleki-sine bolsa oňýly bolan gös-göni iýmit gatnaşyklardyr.
- 30. Pidalaryň goranmaga bolan uýgunlaşmalary hem dürli-dürlidir. Şol uýgunlaşmalar käbir ýagdaýlarda örän çylşyrymly we garaşylmadyk bolýar. Meselem,
- 31. Mugthor–hojaýyn gatnaşyklary. Mugthorlyk gatnaşyklarynda mugthor öz hojaýynyny diňe bir iýmit çeşmesi hökmünde däl-de, eýsem ony hemişelik
- 32. Kommensalizm. Kommensalizm (fransuzça commensal - “tabakdaş” diýmegi aňladýar) iki sany görnüşiň arasyndaky gatnaşyk bolup, onda bir
- 33. Mutualizm. Tebigatda görnüşleriň birek-biregi bilen özara bähbitli gatnaşyklary hem giňden ýaýrandyr. Şol gatnaşyklara umumylykda “mutualizm” diýip
- 34. Kömelekleriň gifleri suwotularyň öýjükleriniň we sapajyklarynyň daşyny örtýärler hem-de ýörite sorujy ösüntgileri - gaustorileri emele getirýärler.
- 35. Bitaraplyk (neýtralizm). Bitaraplyk – iki görnüşiň şol bir çäkde bilelikde ýaşamak bilen hiç biri üçin hem
- 36. Bäsdeşlik (konkurensiýa) - birmeňzeş ekologik talaplary bolan görnüşleriň arasyndaky özara gatnaşyklarydyr. Haçan-da, bäsdeş görnüşler bilelikde ýaşanlarynda
- 37. 7. Tebigy toparlanmalaryň we ekoulgamlaryň ekologiýasy. Biosenoz we biogeosenoz, olaryň düzümi we gurluşy (strukturasy). Ekoulgam (ekosistema)
- 38. Bilelikde ýaşaşýan hem-de özara baglanyşykda bolan janly organizmleriň toparlanmalaryna biosenoz diýilýär (latynça bios -“ýaşaýyş”, senoz -
- 39. Biosenozyň gurluşy. Islendik tebigy ulgamyň gurluşy - munuň özi bölek-leriniň gatnaşyklardaky we mynasybetdäki kanunalaýyklygydyr. Biosenozyň gurluşy
- 40. Ýygy-ýygydan haýsydyr bir heläkçilikli täsirleriň ýetýän biosenozlarynda hem görnüş düzümi onçakly baý bolamaýar. Şunuň ýaly heläkçilikli
- 41. Biosenozda sany boýunça agdyklyk edýän görnüşlere agdyklyk edijiler ýa-da dominantlar diýilýär. Meselem, Garagumda sazak, derýalaryň boýlaryndaky
- 42. Görnüşiň bollugy – munuň özi görnüşiň wekilleriniň meýdan birligindäki ýa-da eýeleýän giňişlikdäki sanydyr. Meselem, 1 dm3
- 43. Biosenozyň giňişlik gurluşy. Biosenozyň giňişlik gurluşy, ilkinji nobatda, onuň ösümlik toplumynyň (fitosenozyň) emele gelmegi, ösümlikleriň ýer
- 44. Biosenozyň ekologik gurluşy. Biosenozlaryň dürli görnüşleri organizmleriň ekologik toparlarynyň kesgitli bir gatnaşygy bilen häsiýetlendirilýär. Ol hem
- 45. Biogeosenoz. Ol ýeriň üst ýüzüniň birmeňzeş bölegi (uçastogy) bolup, onuň kesgitli bir düzümli janly (biosenoz) we
- 47. Ekoulgam (ekosistema) barada düşünje. Ekoulgam – bu janly organizmleriň we olaryň ýaşaýan tebigy gurşawynyň emele getirýän
- 49. Скачать презентацию
Слайд 2SAPAGYŇ MEÝILNAMASY
1. Populýasiýa barada düşünje
2. Görnüşleriň populýasion gurluşy we häsiýetnamasy
3. Populýasiýanyň üýtgäp
SAPAGYŇ MEÝILNAMASY
1. Populýasiýa barada düşünje
2. Görnüşleriň populýasion gurluşy we häsiýetnamasy
3. Populýasiýanyň üýtgäp
4. Populýasiýalaryň statistiki häsiýetnamasy
5. Populýasiýalaryň ýaş aýratynlyklarynyň düzümi
6. Janly organizmleriň özara ekologik gatnaşyklary we olaryň görnüşleri
7. Tebigy toparlanmalaryň we ekoulgamlaryň ekologiýasy. Biosenoz we biogeosenoz, olaryň düzümi we gurluşy (strukturasy). Ekoulgam (ekosistema) barada düşünje.
Слайд 3Sapaga gerekli edebiýatlar
1.Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”. Aşgabat, 2007
2.Türkmenistanyň
Sapaga gerekli edebiýatlar
1.Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”. Aşgabat, 2007
2.Türkmenistanyň
“Halkyň ynam bildireni”. Asgabat, 2007
3.Gurbanguly Berdimuhamedow “Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr”. Aşgabat, 2007
4.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasaty. “Wakalaryň hronikasy”. Aşgabat, 2007
5.Gurbanguly Berdimuhamedow. “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdy”. Aşgabat, 2007
6.Gurbanguly Berdimuhamedow. Eserler ýygyndysy. Aşgabat, 2007
7.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdy täzeden galkyndyrmak baradaky syýasaty. Aşgabat, 2007
8.Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”. Aşgabat: Ylym, 2007
9.Gurbanguly Berdimuhamedow. “Döwlet adam üçindir”. Aşgabat, 2008
10.Gurbanguly Berdimuhamedow. “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”. Aşgabat, 2009
11.Gurbanguly Berdimuhamedow. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” 1-nji tom. Aşgabat, 2009
12.Gurbanguly Berdimuhamedow. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” 2-nji tom. Aşgabat, 2010
13.Gurbanguly Berdimuhamedow. “Türkmenistan – melhemler mekany”. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011
14.Türkmenistanyň Prezidentiniň “Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherçeleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin” Milli maksatnamasy. Aşgabat, 2007
15. “Parahatçylyk, döredijilik, progres syýasatynyň dabaralanmagy” Aşgabat, 2007
Слайд 416..Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwlet adam üçindir”.- Aşgabat; 2008.
17. Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň dermenlyk ösümlikleri”.
16..Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwlet adam üçindir”.- Aşgabat; 2008.
17. Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň dermenlyk ösümlikleri”.
18.Durdyýew S.K., Saparow O., Orazow M., Gurbandurdyýew G. “Ekologiýa”. Aşgabat, 2005
19.Genjiýew R.G, S.Durdyýew, H.Asadowa, N.Jumaýew, Ö. Sopyýew, Ş.Aşyrmyradowa “Ekologiýa daşky gurşawy goramak”. –Aşgabat ;TDNG, 2012.
20.Бродский А.К. «Краткий курс общей экологии». Санкт-Петербург, 1999
21.Коробки В.И., Передельский Л.В. «Экология» учебник для вузов. Ростов на-Дону: Феникс, 2011.
22.Петров К.М. «Экология взаимодействие общества и природы». Санкт-Петербург, 1999
23.Петров К.М. «Экология человека и культура». Санкт-Петербург, 1999
24.Пономарева И.Н., Соломин В.П., Корнилова О.А. «Общая экология» учебное пособие для студентов. М: Мой учебнок, 2005
25.Прохоров Б.Б. «Экология человека» учебник для вузов. М.: Издательский центр «Академия», 2003.
26.Шилов И.А. «Экология» учебник для студентов вузов – М.: Высшая школа, 2000
27. .Прохоров Б. Б. Экология человека. Учебник для вузов. – М.: Издательский центр «Академия», 2003.
28. .Чернова Н. М., Былова А. М. Экология – М., 1988.
29.Коробки В. И., Передельский Л. В. Экология. Учебник для вузов. – Ростов на-Дону: Феникс, 2011.
Слайд 5 1. Populýasiýa barada düşünje.
Populýasiýa näme? Ekologiýada populýasiýa diýip, öz aralarynda bir-birleri
1. Populýasiýa barada düşünje.
Populýasiýa näme? Ekologiýada populýasiýa diýip, öz aralarynda bir-birleri
Bir populýasiýanyň agzalary biri-birlerine daşky gurşawyň şertleriniňkiden ýa-da bilelikde ýaşaýan beýleki görnüşleriň wekilleriniňkiden az täsir etmeýärler. Populýasiýalarda görnüşleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ol ýa-da beýleki bir görnüşi ýüze çykýar. Emma şol gatnaşyklaryň arasynda özara bähbitli bolan we bäsdeşlik gatnaşyklary has aýdyň görünýär. Görnüşiň içindäki gatnaşyklar nesil öndürmek bilen baglanyşykly bolan gatnaşyklardyr, şol gatnaşyklar dürli jynslaryň (ene we ata) wekilleriniň arasynda amala aşyrylýar.
Слайд 6Jynsly köpeliş mahalynda genleriň alyş-çalşygy populýasiýany bitewi bir genetik ulgama öwürýär. Eger-de
Jynsly köpeliş mahalynda genleriň alyş-çalşygy populýasiýany bitewi bir genetik ulgama öwürýär. Eger-de
Populýasiýada wekilleriň kadaly sanynyň saklanmagyna populýasiýanyň deňagramlylygy ýa-da gomeostazy diýilýär. Populýasiýanyň gomeostatik mümkinçilikleri dürli görnüşlerde dürlüçe ýüze çykýarlar. Olar wekilleriň özara gatnaşyklarynyň üsti arkaly amala aşyrylýar. Şeýlelikde toparlaryň birleşmeleri hökmünde populýasiýalara birnäçe ýörite häsiýetler mahsusdyr. Şol häsiýetler aýratyn alnan wekil üçin mahsus däldir.
Слайд 7Populýasiýalaryň ekologik häsiýetnamasy. Populýasiýanyň esasy ekologik häsiýetnamasy onuň möhüm görkezijileri hasaplanýar. Şol
Populýasiýalaryň ekologik häsiýetnamasy. Populýasiýanyň esasy ekologik häsiýetnamasy onuň möhüm görkezijileri hasaplanýar. Şol
Populýasiýanyň sany – munuň özi bölünip alnan çäkde duş gelýän wekilleriň umumy sanydyr.
Populýasiýanyň gürlügi – wekilleriň meýdan birligine düşýän ortaça sanydyr. Populýasiýanyň gürlügini giňişligiň birligindäki populýasiýalaryň agzalarynyň agramy arkaly hem aňlatmak mümkindir.
Populýasiýanyň düzümi – köpelmegiň belli bir wagt aralygynda peýda bolýan wekilleriň ýaş we jyns düzümini aňladýan görkeziji.
Populýasiýanyň arealy – populýasiýanyň wekilleriniň geografik giňişlikde mesgen tutan ýerini aňladýan görkezijidir.
Слайд 8Populýasiýanyň ekologik häsiýetnamasy.
Populýasiýanyň ekologik häsiýetnamasy.
Слайд 9Populýasiýanyň gurluşy. Populýasiýa üçin kesgitli bir gurluş mahsusdyr. Wekilleriň çäk boýunça paýlanyşy,
Populýasiýanyň gurluşy. Populýasiýa üçin kesgitli bir gurluş mahsusdyr. Wekilleriň çäk boýunça paýlanyşy,
Şeýlelikde aýry-aýry wekilleriň ýöriteleşiş mümkinçiliklerinden başga-da görnüşiň agzalary kesgitli bir çäkde toparlaýyn gurluşyň ýöriteleşiş alamatlary bilen hem häsiýetlendirilýär. Şol ýöriteleşme gurluş alamatlary poipulýasiýanyň hususy ulgam hökmündäki häsiýetleri hasaplanýar, umuman görnüşiň ýöriteleşiş mümkinçilikleri her bir anyk wekiliň ýöriteleşiş aýratynyklaryndan has giňdir.
Слайд 10
3. 2. Görnüşleriň populýasion gurluşy we häsiýetnamasy.
Her bir görnüş kesgitli bir çägi,
3. 2. Görnüşleriň populýasion gurluşy we häsiýetnamasy.
Her bir görnüş kesgitli bir çägi,
Слайд 11Populýasiýalaryň özbaşdaklaşma derejesi. Eger-de görnüşiň wekilleri ägirt uly giňişlikleri eýeläp, hemişe ondan-oňa
Слайд 12Ösümliklerde, az hereketlenýän haýwanlarda populýasiýalaryň sany daşky gurşawyň dürlüligine gös-göni bagly bolýar.
Слайд 13
3. 3. Populýasiýanyň üýtgäp durmagy.
Ekologiýa ylmyny öwreniji hünärmenleri diňe bir populýasiýalaryň düzümi
3. 3. Populýasiýanyň üýtgäp durmagy.
Ekologiýa ylmyny öwreniji hünärmenleri diňe bir populýasiýalaryň düzümi
Populýasiýanyň ösüşiniň tizligi - belli bir wagtyň içinde artýan bedenleriň sanydyr. Populýasiýanyň ösüşiniň beýikligini geçen wagtyň aralygyna bölmek arkaly populýasiýanyň ösüşiniň tizligini kesgitläp bolar. Mysal üçin, probirka 50 sany amýoba salalyň! Bölünmek ýoly bilen köpelip, olaryň sany üç sagatdan soň probirkalarda 200-e ýetýär.
Слайд 14
4. Populýasiýalaryň statistiki häsiýetnamasy.
Populýasiýalaryň statistiki häsiýetnamasyna onuň gürlügi, dogluşy, ölüm-ýitimi, ýaş
4. Populýasiýalaryň statistiki häsiýetnamasy.
Populýasiýalaryň statistiki häsiýetnamasyna onuň gürlügi, dogluşy, ölüm-ýitimi, ýaş
Populýasiýanyň gürlügi. Populýasiýanyň gürlügi – bu onuň beýikliginiň giňişligiň birligine bolan gatnaşygydyr. Adatça, ony meýdanyň ýa-da möçberiň birligine görä biomassanyň ýa-da jynsyň sany boýunça aňladýarlar we kesgitleýärler. Mysal üçin, 1 müň ga ýerde 50 jeren, 1 kub metr suwda 3 million suwoty, şeýle-de suw üstüniň meýdany 1 ga ýetýän howdanda 300 kg balyk bar diýeli. Giňişligiň birligine biomassanyň ýa-da balyklaryň dürli jynslarynyň sanynyň gatnaşygyna görä ol şeýle bolar. Giňişligiň birligine biomassanyň ýa-da wekilleriň sanynyň (eýeleýän giňişliginiň) ýaýran giňişlik birligine ekologik gürlük hem diýilýär. Mysal üçin, eger haýsydyr bir kölde höwürtgeleýän ördekleriň sanyny hasaplajak bolsak, onda biz ortaça gürlük arkaly ony hasaplap bileris. Ýagny, hasaba alnan jübütleriň sanyny bütin kölüň meýdanyna paýlap, gürlügi hasaplap bolar. Emma, biz şol ýerde, hususan, ekologik gürlüligi hasaplap bileris. Şonda ördekleriň höwürtgelemeýän suwly meýdanyny aradan aýryp, kenarýaka jeňňellikleriň meýdanynyň birligine düşýän jübütleriň sanyna görä ekologik gürlüligi hasaplamak bolar.
Populýasiýanyň gürlügini öwrenmek üçin dürli usullardan peýdalanylýar. Olaryň esasylary aşakdakylardyr:
Слайд 15Olaryň esasylary aşakdakylardyr:
Umumy hasaplama usuly. Bu usul zähmeti örän köp talap
Olaryň esasylary aşakdakylardyr:
Umumy hasaplama usuly. Bu usul zähmeti örän köp talap
Synag meýdançasynyň usuly. Bu usulda mälim bolan ýeriň belli bir meýdançasynda organizmleriň sanyny ýa-da olaryň agramyny hasaplamak arkaly maglumat alynýar (1 ga, 1 m², 1 km² we ş. m.). Soňra gyzyklanylýan ähli meýdanyň gürlügi barada maglumat alyp bolar. Mysal üçin, 50 ga meýdany tutýan tokaýyň ortaça her gektarynda 30 arça bar bolsa, onda jemi meýdanda 1500 arça bar diýip hasaplamak bolar.
Populýasiýanyň gürlügini ölçemegiň başga-da birnäçe usullary bar. Emma ýokarda agzalan usullar peýdalanmak üçin has amatlydyr.
Слайд 16Populýasiýanyň döreýşi.
Döreýiş – bu populýasiýanyň sanynyň artmagyna bolan ukyplylygydyr. Iň ýokary
Populýasiýanyň döreýşi.
Döreýiş – bu populýasiýanyň sanynyň artmagyna bolan ukyplylygydyr. Iň ýokary
Слайд 17Tebigy şertlerde hem fiziologik we aňrybaş köpeliş haýal geçýär. Adatça çakdanaşa köp
Tebigy şertlerde hem fiziologik we aňrybaş köpeliş haýal geçýär. Adatça çakdanaşa köp
Düzgün bolşy ýaly, özüniň aňrybaş ölçegine ýeten populýasiýalarda köpeliş aşaklanyp başlaýar. Bu awtomatik kadalaşdyryş populýasiýanyň ölçeg derejesiniň durnuklaşmagyna ugrukdyrylandyr. Eger şu kanunalaýyklyk we deňagramlylyk bolmasa, onda bütin Ýer ýüzi iki-üç ýyldan ösümlikler we haýwanlar bilen dolardy.
Слайд 18Populýasiýanyň ölüm-ýitimi.
Ölüm-ýitim populýasiýadaky wekilleriň ösmegini häsiýetlendirýär. Bu döreýiş hakyndaky düşünje bilen
Populýasiýanyň ölüm-ýitimi.
Ölüm-ýitim populýasiýadaky wekilleriň ösmegini häsiýetlendirýär. Bu döreýiş hakyndaky düşünje bilen
Слайд 19Ýokary gurluşly bedenlerde ölüm hem edil döreýiş ýaly ýaşyň bir çene barmagy
Ýokary gurluşly bedenlerde ölüm hem edil döreýiş ýaly ýaşyň bir çene barmagy
Слайд 20
5. Populýasiýalaryň ýaş aýratynlyklarynyň düzümi.
Populýasiýanyň ýaş aýratynlyklarynyň düzümi onuň möhüm häsiýeti hasaplanýar.
5. Populýasiýalaryň ýaş aýratynlyklarynyň düzümi.
Populýasiýanyň ýaş aýratynlyklarynyň düzümi onuň möhüm häsiýeti hasaplanýar.
Populýasiýanyň dürli ýaş aýratynlygyndaky özara gatnaşyklary we olaryň şol pursatlarda köpelmäge bolan ukyplary populýasiýadan geljekde nämä garaşyp boljakdygyna göz ýetirmäge kömek edýär. Adatça tiz ösýän populýasiýalarda dürli ýaşly toparlaryň bölünişigi kadaly geçýär. San taýdan azalýan populýasiýalarda bolsa garry wekiller hemişe köp bolýar. Bir görnüşe degişli her populýasiýa üçin belli bir derejedäki “kadaly” ýa-da durnukly ýaş aýratynlyklarynyň düzümi mahsusdyr.
Köpeliş ýa-da ölüm-ýitim hadysalary artanda ol gutarnyksyzlyga bölünmeýär. Populýasiýa bolsa öz-özüňi kadalaşdyrmagyň netijesinde durnukly düzümi üpjün edip biljek kadaly ýaş aýratynlygy bolan wekillerden düzülýär.
Слайд 21Populýasiýa babatynda üç sany ekologik ýaş aýratynlygy tapawutlanýar:
■ Köpelişe çenli döwürdäki
Populýasiýa babatynda üç sany ekologik ýaş aýratynlygy tapawutlanýar:
■ Köpelişe çenli döwürdäki
■ Köpelýän döwürdäki ýaş aýratynlygy;
■ Köpelişden soňky döwürdäki ýaş aýratynlygy.
Wekiliň köpelişe çenli döwri onuň jyns kämilligine çenli bolan ýaş aýratynlygydyr.
Populýasiýanyň köpelýän döwürdäki ýaş aýratynlygy - jynsyň köpelmäge ukyply bolan döwründäki ýaş aýratynlygydyr.
Populýasiýanyň köpelişden soňky döwürdäki ýaş aýratynlygy - wekiliň garran döwri bolup köpelişiň bolmaýan döwrüni öz içine alýar. Bu ýaş aýratynlyklarynyň dowamlylygy ömrüň dowamlylygy bilen deňeşdireniňde dürli organizmlerde we dürli görnüşlere utgaşyklydyr.
Häzirki zaman adamlarynda ýaş aýratynlyklarynyň üçüsi hem takmynan meňzeş bolup, olaryň her birine adam ömrüniň üçden biri düşýär.
Слайд 226. Janly organizçleriň özara ekologik gatnaşyklary we olaryň görnüşleri.
Janly organizmleriň arasyndaky özara
6. Janly organizçleriň özara ekologik gatnaşyklary we olaryň görnüşleri.
Janly organizmleriň arasyndaky özara
● Iýmit (trofik) gatnaşyklary;
● Topiki gatnaşyklar;
● Foriki gatnaşyklar;
● Fabriki gatnaşyklar.
Mundan başga-da, janly organizmleriň arasyndaky özara ekologik gatnaşyklary özara peýdaly, peýdaly-bitrap, peýdaly-zyýanly, özara zyýanly gatnaşyklar ýaly toparlara hem bölýärler (4-nji tablisa).
Слайд 23Organizmleriň özara ekologik gatnaşyklarynyň ýokarda sanalyp geçilen görnüşlerine aýry-aýrylykda gysgaça garap geçeliň.
Organizmleriň özara ekologik gatnaşyklarynyň ýokarda sanalyp geçilen görnüşlerine aýry-aýrylykda gysgaça garap geçeliň.
Iýmit gatnaşyklary. Bu gatnaşyklar bir görnüşiň beýleki bir görnüş bilen, ýagny onuň janly wekilleri, maslyklary şeýle hem ýaşaýyş işjeňliginiň önümleri bilen iýmitlenýän mahaly ýüze çykýar. Uçup ýörkä mör-möjekleri tutup iýýän teneçirler-de, iri toýnakly haýwanlaryň tezekleri bilen iýmitlenýän gajargeldi tomzaklary-da, ösümlikleriň şiresinden iýmitlenýän bal arylary-da özlerine iýmiti berýän görnüşler bilen gös-göni gatnaşyga girýärler. Iýmit üçin iki görnüşiň arasynda bäsdeşlik dörän ýagdaýynda, onda bu görnüşleriň arasyndaky gatnaşyklar gytaklaýyn häsiýete eýe bolýarlar. Meselem, ýapraklaryna şirejeler düşen şetdaly agajy bu zyýankeşleriň täsirinden tapdan düşýär, gowşaýar. Şeýlelikde agaja beýleki zyýankeşleriň we keselleriniň aralaşmak mümkinçiligi artýar.
Слайд 24 4-nji tablisa
Organizmleriň özara ekologik gatnaşyklarynyň tipleri
4-nji tablisa
Organizmleriň özara ekologik gatnaşyklarynyň tipleri
Слайд 25Topiki gatnaşyklar. Bu gatnaşyklar bir görnüşiň ýaşaýyş işjeňliginiň (fiziki ýa-da himiki şertleriniň)
Слайд 26Foriki gatnaşyklar. Bu gatnaşyklar bir görnüşiň beýleki bir görnüşiň ýaýramagyna kömek etmeginde
Слайд 27Haýwanlaryň foreziýasy maýdaja bogunaýaklylaryň arasynda giňden ýaýrandyr. Bu hadysa sakyrtgalaryň arasynda aýratyn
Haýwanlaryň foreziýasy maýdaja bogunaýaklylaryň arasynda giňden ýaýrandyr. Bu hadysa sakyrtgalaryň arasynda aýratyn
Слайд 28Fabriki gatnaşyklar. Biosenotik gatnaşyklaryň bu tipi mahalynda bir görnüş özüniň ýaşaýyş binasy
Biosenozy emele getirýän görnüşara gatnaşyklar ondaky görnüşleriň ekologik aýratynlyklaryny, sanyny, giňişlikde paýlanyşyny şertlendirýärler. Başgaça aýdylanda, ol gatnaşyklar biosenozyň kesgitli gurluşyny döredýärler.
Janly organizmleriň özara gatnaşyklarynyň arasynda dürli toparlar degişli bolan organizmler üçin köp babatlarda umumy gatnaşyklaryň kesgitli görnüşlerini tapawutlandyrmak mümkin. Şeýle gatnaşyklaryň esasylaryna ýyrtyjy-pida, mugthor-hojaýyn gatnaşyklary, kommensalizm, mutualizm, bitaraplyk (neýtralizm), amensalizm, bäsdeşlik (konkurensiýa) degişlidir. Aşakda bu gatnaşyklaryň her birine aýratynlykda gysgaça garap geçeliň.
Слайд 29Ýyrtyjy – pida gatnaşyklary – janly organizmleriň birine oňaýsyz, beýleki-sine bolsa oňýly
Eger-de pidalaryň göwresiniň möçberi ýyrtyjylaryňkydan has kiçi bolsa. onda iýmit çeşmesiniň (pidalaryň) sany ýokarydyr hem-de olary aňsatlyk bilen tapyp bolýar. Şu ýagdaýda ýyrtyjynyň işjeňligi öz pidasyny gözläp tapmakdan we ony diňe ýygnamakdan ybaratdyr. Şunuň ýaly “ýygnamaklyk” mör-möjekler bilen iýmitlenýän guşlaryň birnäçesi üçin mahsusdyr. Emma ýyrtyjylyk edip iýmitlenýän haýwanlaryň arasynda (öz iýmitlerini tapmak usullary babatda) tapawutlanýanlar bar. Meselem. mör-möjekler bilen iýmitlenýän guşlaryň käbirleri (garlawaçlar, atgarlawaçlar) özleriniň awlaryny (mör-möjekleri) iýmitlenip duran pursatlarynda awlaýarlar. Togan. siňekçi ýaly guşlar bolsa hakyky ýyrtyjylar hökmünde awlaryny garawullaýarlar we soňra bolsa olary kowalaýarlar.
Ýyrtyjy–pida gatnaşyklarynda organizmleriň iýmit baglanyşyklarynyň ekologik ähmiýeti has-da aýdyň ýüze çykýar. Ýyrtyjylyk pidany işjeň gözlemek hem-de garşylyk görkezmäge we gaçmaga ukyply bolan pidanyň, şeýle hem ony peýdalanyjynyň – ýyrtyjynyň dürli ekologik uýgunlaşmalary ýüze çykarmagyna getirýär. Pidalaryň öz ýyrtyjylaryndan işjeň goranmaklary netijesinde tebigy seçgi mahalynda olaryň duýma synalarynyň, ylgaýyş tizliginiň, aldamak häsiýetiniň ösmegine getirýär. Munuň özi nerw ulgamynyň ösmegi bilen bagly bolup, toparyň progressiw ewolýusiýasyna alyp barýar.
Pidalary ýyrtyjylaryň işjeň däl ýagdaýda gözleýän mahalynda olarda penalaýjy reňkler, gaty gapaklar, iňňeler, tikenler ýyrtyjylar üçin elýetersiz hinler we gaçybatalgalar edinmek peýda bolýar. Şeýle goranmak usulynyň käbirleri diňe bir az hereketlenýän ýa-da oturumly ýaşaýan görnüşler üçin däl-de, tebigy ýagylaryndan işjeň goranýan haýwanlar üçin hem mahsusdyr.
Слайд 30Pidalaryň goranmaga bolan uýgunlaşmalary hem dürli-dürlidir. Şol uýgunlaşmalar käbir ýagdaýlarda örän çylşyrymly
Pidalaryň goranmaga bolan uýgunlaşmalary hem dürli-dürlidir. Şol uýgunlaşmalar käbir ýagdaýlarda örän çylşyrymly
Ýyrtyjy öz gezeginde, tutmaga has ýöriteleşen pidasyny ilkinji nobatynda iýýär. Meselem, serçeleriň köpisi topragyň üstünde, ýapraklarda, otlarda we. ş. m. açyk ýerlerde ýaşaýan mör-möjekleri iýýärler. Emma bu guşlar awlamak üçin ýörite usullary talap edýän toprakda ýaşaýan oňurgasyzlary iýmeýärler. Ýyrtyjylaryň iýmitleri saýlamaklarynyň ýene-de bir sebäbi hem olaryň has köpçülikleýin peýda bolýan pidalary iýmäge geçmekleridir. Bu ýagdaý ýyrtyjy-laryň aw awlaýan wagtyndaky özlerini alyp baryşlaryny güýçlendirýär. Bir görnüş bilen iýmitlenmekden başga bir görnüşe iýmitlenmäge geçmek ukyby-ýyrtyjylaryň ýaşaýşynda zerur ekologik ýöriteleşmeleriň biri hasaplanýar.
Слайд 31Mugthor–hojaýyn gatnaşyklary. Mugthorlyk gatnaşyklarynda mugthor öz hojaýynyny diňe bir iýmit çeşmesi hökmünde
Mugthorlyk ýyrtyjylykdan tapawutlylykda, görnüşleriň juda inçe ýöriteleş-mesi bilen tapawutlanýar. Çünki hojaýyn mugthory diňe bir iýmit bilen däl-de, eýsem ony mikroklimat, gorag we ş. m. bilen hem ygtybarly üpjün edýär. Mugthoryň öz hojaýynynyň bedeniniň aýratynlyklaryna bolan ýöriteleşmesi näçe ýokary bolsa, onuň köpelmek we nesil galdyrmak mümkinçiligi hem şonça ýokarydyr.
Mugthoryň öz hojaýyny bilen jebis arabaglanyşygy iki hili saýlap almagyň netijesinde hasyl bolýar. Mugthorlaryň arasynda öz hojaýynyny tiz öldürmän. ony uzak wagtlap peýdalanmaga ukyply bolan görnüşler agdyklyk edýärler. Başgaça aýdylanda, mugthor hojaýynyny tapdan düşürýär, emma öldürmeýär. Öz gezeginde hojaýynyň bedeniniň garşylyk görkezmegine bolan seçgi mugthoryň onuň bedeninde ýaşamagyny az derejede duýmagyna getirýär. Ewolýusiýanyň barşynda ilkibaşda hojaýyn bilen mugthoryň arasyndaky ýiti gatnaşyklaryň bitaraplaşmagy-da mümkin.
Tebigy seçginiň uzak taryhynyň barşynda mugthorlaryň täsirinden heläkçilikli zyýan, esasan, entek durnuklaşmadyk gatnaşyklarda has-da aýdyň duýulýar. Şu sebäpli-de tötänleýin ýagdaýda getirilen zyýankeşler oba hojalyk ekinlerini ýa-da mallary ýerli zyýankeşlere garanyňda has güýçli zaýalaýarlar.
Mugthorlyk gatnaşyklaryň köp görnüşleriniň arasynda hojaýynyň hökmany ölmeli ýagdaýy hem duş gelýär. Mugthor gatnaşyklaryň bu görnüşi öz ýumurtgalaryny beýleki görnüşleriň ýumurtgalarynyň ýa-da gurçuklarynyň içine taşlaýan mör-möjekleriň (meselem, trihogrammalaryň) arasynda has giňden ýaýrandyr. Şunuň ýaly mör-möjeklere adatça parazitoidler diýip at berilýär. Hojaýynyň ölmegi onuň bedeninde iýmit ätiýaçlygynyň az bolmagy bilen şertlenendir. Şol iýmit ätiýaçlygy mugthoryň bir ýa-da az sanly gurçuklarynyň ösüp ýetişmekleri üçin zordan ýetýär.
Şeýlelikde mugthorlyk hadysasy özara gatnaşyklaryň beýleki ähli görnüş-lerine geçmeginiň mümkinçilikleri bilen baglanyşyklydyr.
Слайд 32Kommensalizm. Kommensalizm (fransuzça commensal - “tabakdaş” diýmegi aňladýar) iki sany görnüşiň arasyndaky
Epifit ösümlikleriň (grekçe epi - “üstünde, ýokarsynda, golaýynda”, phyton -“ösümlik” diýmegi aňladýar) agaçlaryň sütüniniň üstünde ornaşmaklygy hem kommensalizme degişlidir. Guşlaryň höwürtgelerinde, gemrijileriň hinlerinde bog-unaýaklylaryň ençeme görnüşleri ýaşamaga ýöriteleşip hinlerden, höwürtgelerden daşarda ýaşap bilmeýärler. Hemişe hinlerde ýa-da höwürtgelerde ýaşaýan haýwanlara nidikollar diýip at berilýär.
Kommensalizm gatnaşyklary tebigatda örän möhümdir. Çünki bu gatnaşyk görnüşleriň bilelikde has ysnyşykly ýaşamaklaryny üpjün edýär. Şeýle gatnaşyk edýän görnüşler ýaşaýyş gurşawyny gowy özleşdirmäge we iýmit çeşmelerinden doly peýdalanmaga mümkinçilik alýarlar.
Слайд 33Mutualizm. Tebigatda görnüşleriň birek-biregi bilen özara bähbitli gatnaşyklary hem giňden ýaýrandyr. Şol
Simbioz. Bu gatnaşyklarynyň mysalyna özboluşly janly organizmler hasaplanýan lişaýnikler degişlidir. Lişaýnikler – kömelekler bilen suwotularyň bilelikde ýaşamaklarynyň netijesinde emele gelen bir bütewi organizmdir. Lişaýnikleriň düzümine askomisetler, bazidiomisetler we fikomisetler klaslarynyň wekilleri girýärler. Suwotularyň arasynda kömelekler bilen ylalaşyp ýaşaýan gök-ýaşyl, ýaşyl we goňur suwotylarda mugthor bolup ýaşamaklarynyň netijesinde dörän bolmagy hem ähtimal.
Слайд 34Kömelekleriň gifleri suwotularyň öýjükleriniň we sapajyklarynyň daşyny örtýärler hem-de ýörite sorujy ösüntgileri
Häzire çenli tebigatda simbioz bedenleriň 20000-den hem gowrak görnäşleri mälim edildi. Bu sanlar bedenleriň şunuň ýaly usulda ýaşamaklarynyň dowam edýändigine şaýatlyk edýär.
Köp öýjükli haýwanlaryň we ösümlikleriň mikroorganizmler bilen simbioz gatnaşyklary giňden ýaýrandyr. Agaçlaryň köp görnüşleriniň mikoriza kömelekleri kösükli ösümlikleriň howadaky molekulýar azody toplamaga ukyply bolan rhizobium diýen kluben bakteriýalary bilen bilelikde ýaşaýandyklary köplere mälimdir. Şeýle simbiontlar - (azot toplaýjylar) ýapyk we ýalaňaç tohumly ösüm-likleriň 200-e golaý görnüşlerinde tapyldy.
Слайд 35Bitaraplyk (neýtralizm). Bitaraplyk – iki görnüşiň şol bir çäkde bilelikde ýaşamak bilen
Amensalizm - bilelikde ýaşaşýan görnüşleriň haýsam bolsa ikisiniň birisi beýlekiniň ýaşamagyna oňaýsyz täsir edýändigi bilen baglanyşykly hadysadyr. Şeýle gatnaşyklar ösümliklerde has köp duş gelýär. Meselem, miweli agaçlaryň aşagynda ösýän ýagtylygy söýýän otjumak ösümlikler ýagtylygyň ýeterlik derejede düşmeýänligi sebäpli ejir çekýärler. Agaçlaryň özleri üçin şol otjumak ösümlikler bilen goňşy bolup ýaşaşmak parhsyzdyr. Görnüşleriň özara gatnaşyklarynyň bu görnüşi hem organizmleriň sanlarynyň sazlanmagyna getirýär, görnüşleriň paýlanyşyna we özara seçilmesine täsir edýär.
Слайд 36Bäsdeşlik (konkurensiýa) - birmeňzeş ekologik talaplary bolan görnüşleriň arasyndaky özara gatnaşyklarydyr. Haçan-da,
Bäsdeşlik (konkurensiýa) - birmeňzeş ekologik talaplary bolan görnüşleriň arasyndaky özara gatnaşyklarydyr. Haçan-da,
Bäsdeşlikde düzgün bolşy ýaly, şol ekologik ýagdaýda iň bolmanda sähel-çejik artykmaçlygy bolan (daşky tebigy gurşawyň şertlerine has oňat ýöriteleşen) görnüş ýeňiji bolup çykýar.
Ösümliklerde bäsdeşlikde ýeňmek ösümlikleriň kök ulgamy arkaly iýmitlik mineral maddalary we toprakdaky çygy sorup almagyň ýapraklarynyň kömegi bilen Günüň ýagtylygyny kabul etmegiň hem-de zäherli maddalary bölüp çykarmagyň hasabyna amala aşyrylýar.
Слайд 37
7. Tebigy toparlanmalaryň we ekoulgamlaryň ekologiýasy. Biosenoz we biogeosenoz, olaryň düzümi we
7. Tebigy toparlanmalaryň we ekoulgamlaryň ekologiýasy. Biosenoz we biogeosenoz, olaryň düzümi we
Tebigatda organizmleriň her biri beýleki köp sanly organizmler bilen bilelikde özara baglanyşykda we gatnaşykda ýaşaýarlar. Şol gatnaşyklar we baglanyşyklar oňaýly hem-de oňaýsyz bolup bilýärler. Beýleki organizmler bilen özara gatnaşykda bolmak, bir tarapdan, iýmitlenmek, köpelmek, goranmak, ýaşaýyş gurşawynyň amatsyz şertlerine döz gelmek janly organizmler üçin zerurdyr. Ikinji bir tarapdan bolsa, ol aýry-aýry organizmleriň ýaşamagy üçin ýitgidir we göniden-göni abanýan howpdyr. Janly organizmleriň biri-birine edýän täsirlerine umumylykda gurşawyň biotik täsirleri diýip at berilýär.
Organizmiň daşyny gurşap alýan janly gurşawa organizmleriň biosenotik gurşawy diýilýär. Her bir görnüşiň wekilleri organizmleriň biri-biriniň arasyndaky gatnaşyklar olaryň kadaly ýaşaýşyny doly suratda üpjün edýän gurşawunda ýaşap bilmäge ukyplydyrlar. Başgaça aýdylanda, janly organizmler ýer ýüzünde islendik utgaşykda däl-de, bilelikde ýaşamagyň kesgitli bir toplumyny emele getirip ýaşaýarlar. Şol toplumyň düzümine bilelikde ýaşaşmaga uýgunlaşan, ýöriteleşen görnüşler girýärler.
Слайд 38Bilelikde ýaşaşýan hem-de özara baglanyşykda bolan janly organizmleriň toparlanmalaryna biosenoz diýilýär (latynça
Tebigy toplumlaryň araçäkleri köplenç anyk bildirmän, beýlekilere utgaşyp gidýär. Şol araçäkler käbir halatlarda biri-birine geçip hem bilýärler. Ekologiýanyň tebigy toplumlaryň döreýşiniň, gurluşynyň we olardaky janly organizmleriň bilelikde ýaşaýşynyň kanunalaýyklyklaryny öwrenýän bölüme sinekologiýa ýa-da biosenologiýa diýilýär.
Biosenozyň eýeleýän meýdanyna biotop diýip at berilýär. Başgaça aýdylanda, biotop - munuň özi biosenozyň ýaşaýan ýeridir (latynça bios - ýaşaýyş, topos - ýer diýmegi aňladýar).
Слайд 39Biosenozyň gurluşy. Islendik tebigy ulgamyň gurluşy - munuň özi bölek-leriniň gatnaşyklardaky we
Biosenozyň gurluşynda aşakdaky jähitlerini tapawutlandyryp bolar:
◙ Biosenozyň görnüşleriniň gurluşy;
◙ Biosenozyň giňişlik gurluşy;
◙ Biosenozyň ekologik gurluşy.
Biosenozyň görnüş düzüminiň gurluşy. Biosenozyň görnüş düzümi diýip, ondaky görnüşleriň dürlüligine hem-de şol görnüşleriň sanynyň ýa-da massasynyň gatnaşygyna aýdylýar. Görnüşlere garyp we baý bolan biosenozlary tapawutlandyrmak bolýar. Biosenozyň görnüş düzümine täsir edýän birnäçe sebäpler bar. Olardan şol bir wagtyň özünde bir ýa-da birnäçe sebäpler täsir edende (meselem, ýyly howa ýetmezçilik edýän demirgazyk tundrada we polýar arktika çöllerde; suwsuz yssy çöllerde, akman duran we hapalanan suw aýtymlarynda) tebigy toplumyň görnüş düzümi örän garyp bolýar. Çünki şeýle gazaply şertlerde ýaşamaga örän az sanly görnüşler ýöriteleşip bilýärler.
Слайд 40Ýygy-ýygydan haýsydyr bir heläkçilikli täsirleriň ýetýän biosenozlarynda hem görnüş düzümi onçakly baý
Ýygy-ýygydan haýsydyr bir heläkçilikli täsirleriň ýetýän biosenozlarynda hem görnüş düzümi onçakly baý
Biosenozlaryň görnüş düzümi olaryň ýaşaýşynyň dowamlylygyna, biosenozyň taryhyna-da baglydyr. Ýaňy kemala gelen ýaş tebigy toplumlaryň düzüminde görnüşleri az sanlydyr. Munuň tersine, kämil uzak ýaşly biosenozlaryň görnüş düzümi örän baýdyr. Adam tarapyndan döredilýän biosenozlar - agrosenozlar (ekin meýdanlary, baglar, gök-bakja ekilen meýdanlar) hem görnüşlere garyp bolýarlar. Agrosenozlaryň birmeňzeşligini we görnüş babatdaky garyplygyny adam agrotehniki çäreleriň ýörite çylşyrymly ulgamy bilen saklaýar. Şol çärelerden haşal otlara we zyýankeşlere garşy göreşmek maksady bilen geçirilýän çäreleri mysal almak bolar.
Muňa garamazdan iň bir görnüşe garyp biosenozlar hem öz düzüminde azyndan dürli sistematik we ekologik toparlara degişli bolan organizmleriň onlarça görnüşlerini saklaýarlar. Meselem, Türkmenistanyň şertlerinde gowaça agrose-nozynda dürli haşal otlardan başga-da oňurgasyz haýwanlaryň 300-e golaý görnüşi duş gelýär. Bu ýerde oňurgaly haýwanlaryň hem birnäçe görnüşleri (syçanlar, gurbagalar, hažžyklar we ş. m. ) gabat gelýärler.
Слайд 41Biosenozda sany boýunça agdyklyk edýän görnüşlere agdyklyk edijiler ýa-da dominantlar diýilýär. Meselem,
Dominantlar tebigy toplumda agdyklyk edýänligi sebäpli onuň “görnüş ýadrosyny” düzýärler. Emma dominantlaryň hemmesi biosenoza birmeňzeş täsir etmeýärler. Olaryň arasynda özüniň ýaşaýyş işjeňligi bilen tutuş biosenoz üçin gurşaw döredýän görnüşler hem bar. Şol sebäpli agdyklyk edýän görnüşler bolmasa beýleki görnüşler ýaşap bilmeýärler. Şunuň ýaly görnüşlere edifikatorlar (ol latynçadan gös-göni terjime edilende “gurluşykçylar” diýmegi aňladýar) diýilýär. Biosenozdan edifikator görnüşiň daşary çykarylmagy adatça ýaşaýyş gurşawynyň üýtgemesini döredýär. Ol bolsa ilkinji nobatda biotopyň mikroklimatyny üýtgedýär.
Biosenozyň gurluşynda aýratyn bir görnüşiň ähmiýetine baha bermek üçin dürli görkezijileri peýdalanýarlar. Şol görkezijiler mukdar hasabyna esaslanandyr. Şeýle görkezijilere görnüşiň bollugy we duş gelmek ýygylygy, agdyklyk etmek derejesi ýaly görkezijiler degişlidir.
Слайд 42Görnüşiň bollugy – munuň özi görnüşiň wekilleriniň meýdan birligindäki ýa-da eýeleýän giňişlikdäki
Duş gelmek ýygylygy – görnüşiň biosenozda deň ýa-da deň däl paýlanyşyny häsiýetlendirýär. Ol ýa-da meýdançanyň sanynyň şunuň ýaly barlag üçin nusgalyklaryň ýa-da meýdançalaryň umumy sanyna bolan göterim gatnaşygynda hasaplanýar. Görnüş köp sanly, ýöne az duş gelip ýa-da az sanly, ýöne ýygy-ýygydan duş gelip biler.
Agdyklyk etmek derejesi – görnüşiň wekilleriniň sanynyň öwrenilýän toparlanmanyň ähli wekilleriniň umumy sanyna bolan gatnaşygyny aňladýar. Meselem, öwrenilýän meýdanyň çäginde duş gelýän 200 sany guşdan 80 sanysy üşegenjeler (Fringilla coelebs) bolsa, onda bu görnüşiň guşlaryň arasynda agdyklyk etmek derejesi 40%-e deň bolar.
Professor O. Söýünowyň maglumatlaryna (1991) görä, Demirgazyk Garagumyň şertlerinde şoratan buýurganynyň (Anabasis salsa) mör-möjekleriniň konsorsiýalarynyň düzümi jemi 47 görnüşden ybarat. Olar 7 topara (otrýada) we 16 maşgala degişlidirler.
Слайд 43Biosenozyň giňişlik gurluşy. Biosenozyň giňişlik gurluşy, ilkinji nobatda, onuň ösümlik toplumynyň (fitosenozyň)
Biosenozyň giňişlik gurluşy. Biosenozyň giňişlik gurluşy, ilkinji nobatda, onuň ösümlik toplumynyň (fitosenozyň)
Dürli beýikligi bolan ösümlikler bilelikde ösýün mahalynda toplum gatlaýyn (ýaruslaýyn) gurluşa eýedir. Şol gatlara ösümlikleriň ýer üsti bölegi degişlidirler. Bu gatlaklaryň her biri gurşawy dürlüçe peýdalanýarlar we özgertýärler. Gatlaýyn ýerleşmek aram guşaklygyň tokaýlarynda has oňat görünýär. Meselem, arça agajynyň emele getirýän tokaýlarynda şunuň ýaly gatlary mese-mälim tapawutlandyrmak mümkin; agaç, otjumak-gyrymsyja we moh gatlary. Ýasy ýaprakly tokaýlarda hem 5-6 sany gaty tapawutlandyryp bolýar.
Слайд 44Biosenozyň ekologik gurluşy. Biosenozlaryň dürli görnüşleri organizmleriň ekologik toparlarynyň kesgitli bir gatnaşygy
Biosenozlaryň ekologik gurluşyny organizmleriň dürli toparlary düzýärler. Şeýle toparlara ösümlikleriň arasynda gigrofitler, mezofitler, kserofitler, haýwanlaryň arasynda bolsa gigrofiller, mezofiller, kserofiller degişlidirler. Gurak şertlerde ösýän ösümlikleriň arasynda sklerofitleriň we sukkullentleriň, çyglylygy söýýän ösümlikleriň arasynda bolsa gigrofitleriň agdyklyk edýändikleri tebigydyr.
Слайд 45Biogeosenoz. Ol ýeriň üst ýüzüniň birmeňzeş bölegi (uçastogy) bolup, onuň kesgitli bir
Biogeosenoz. Ol ýeriň üst ýüzüniň birmeňzeş bölegi (uçastogy) bolup, onuň kesgitli bir
“Biogeosenoz” (grekçe bio – ýaşaýyş, ge – Ýer, koinos – umumy diýmegi aňladýar) adalgasy ylma ilkinji bolup 1940-njy ýylda görnükli rus alymy, akademik W. N. Sukaçew (1880-1967) tarapyndan girizilýär. Bu meşhur alym biogeosenoz baradaky ylmy düşünjäni hem işläp düzdi.
Biogeosenozyň düzüm bölegine janly we jansyz komponentler girýärler. Biogeosenozyň janly komponentine awtotrof organizmler-produsentler (ýaşyl ösümlikler), geterotrof organizmler-konsumentler (haýwanlar, kömelekler, bakteriýalaryň köpüsi, wiruslar) we organiki maddalary dargadyjylar-redusentler (kömelekler, mikroorganizmler) degişlidirler.
Biogeosenoz – bu durnukly ekologik ulgam bolup, onda organiki komponent-ler organiki däl komponentler (toprak, çyglylyk, atmosfera) bilen özara aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şol özara baglanyşygy aşakdaky ýaly görnüşde beýan etmek mümkin
(5-nji surat).
Слайд 47Ekoulgam (ekosistema) barada düşünje. Ekoulgam – bu janly organizmleriň we olaryň ýaşaýan
Ekoulgam (ekosistema) barada düşünje. Ekoulgam – bu janly organizmleriň we olaryň ýaşaýan
Ekoulgamyň nusgawy mysaly hökmünde agajyň sütüninde ösüp oturan ýassyk görnüşli lişaýnigi görkezmek mümkin. Derýalar, dag eňňitleri, daglar, howuzlar, köller, ummanlar, tokaýlar we ş. m. tebigy ekoulgamyň mysallarydyr.