Türkmenistanda daşky gurşawy goramakdaky halkara hyzmatdaşlygy

Содержание

Слайд 2

1. Türkmenistanda tebigaty goramak bilen meşgullanýan döwlet edaralary.  

1. Türkmenistanda tebigaty goramak bilen meşgullanýan döwlet edaralary.

Слайд 3

Türkmenistanda tebigaty goramak bilen meşgullanýan döwlet edaralarynyň sanawyna Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi,

Türkmenistanda tebigaty goramak bilen meşgullanýan döwlet edaralarynyň sanawyna Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi,
bu ministrligiň welaýatlardaky tebigaty goramagy dolandyryş edaralary, şeýle hem ýerlerdäki ýerine ýetiriji häkimet edaralary degişlidirler.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tebigy serişdeleri, şol sanda tokaýlary goramak we rejeli peýdalanmak babatda döwlet syýasatyny hem-depdagara gözegçiligi amala aşyrýan we beýleki edaralaryň şu ugurdaky işini utgaşdyrýan edaradyr.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi öz işinde türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnamany gol-danýar.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:
● Türkmenistanyň Prezidentiniň tokaý hojalygyny ösdürmek, tebigy serişdeleri goramak we üznüksiz köpeltmek babatdaky Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrmakdan;
● tebigaty goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny işläp taýýarlamakdan we ýöretmekden;
● Türkmenistanda tebigaty goraýyş işini toplumlaýyn dolandyrmagy amala aşyrmakdan;
● tebigy gurşawyň ýagdaýyna gözegçilik etmegiň döwlet ulgamyny kämil-leşdirmekden, döwlet dolandyryş edaralaryny we ilaty töwerekdäki gurşawyň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gňzegçiligini amala aşyrmakdan;
● tebigy gurşawyň ýagdaýyna gözegçilik etmegiň döwlet ulgamyny kämil-leşdirmekden, döwlet dolandyryş edaralaryny we ilaty töwerekdäki gurşawyň hapalanyş derejesi hakyndaky maglumatlar bilen üpjün etmekden.

Слайд 4

■ Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnama-laryny ýerine ýetirmek boýunça hem-de tebigaty

■ Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnama-laryny ýerine ýetirmek boýunça hem-de tebigaty
goramak babatda , şeýle hem tebigaty goraýyş işiniň beýleki meseleleri boýunça Türkmenistanyň halkara we pudagara şertnamalaryny hem-de ylalaşyklaryny taýýarlamak boýunça ministr-likleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrýar;
■ ekologik ulgamyň goralyşyna, ýerleriň hasyllylygynyň egsilmeginiň öňüniň alnyşyna, ýerleriň, gyzgyn suwlardan başga ýerüsti we ýerasty suwlaryň, howa gurşawynyň, ösümlik dünýäsiniň, şol sanda tokaýlaryň we haýwanat dünýäsiniň, şeýle hem balyk gorlarynyň, deňizdäki ösümlikleriň we haýwanlaryň, şol sanda suwdaky süýdemdirijileriň we oňurgasyzlaryň hem-de Türkmenistanyň çäklerindäki suwlaryň tebigy serişdeleriniň peýdalanylyşyna we goralyşyna gözegçilik edýär;
■ Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek we ýitip gitmek howpy astynda durýan görnüşlerini, şeýle hem söwdasy we goralmagyTürkmenistan gatnaşyjysy bolan halkara şertnamalary bilen düzgünleş-dirilýän görnüşlerini goramak baradaky kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik edýär;
■ tebigaty goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak hem-de tokaý baýlyklaryna ylmy-usulyýet we geňeşdarlyk kömegini bermek babatda düýpli we amaly ylmy barlaglaryň geçirilmegini üpjün edýär;
■ töwerekdäki gurşawa we tebigy desgalara gözegçilik etmegi amala aş-yrýar;
■ kärhanalary we hojalyk desgalaryny gurmak, olaryň durkuny täzelemek üçin taslama we deslapky taslama maglumatlarynyň, taslamalaryň döwlet ekologiki seljermesini amala aşyrýar;

Слайд 5

■ Türkmenistanyň Gyzyl kitabyny ýöretmegi üljün edýär;
■ Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda ekologik işiň

■ Türkmenistanyň Gyzyl kitabyny ýöretmegi üljün edýär; ■ Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda ekologik
ähli görnüşlerini ygtyýarlandyrmagy geçirýär hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsine degişli zatlary, şol sanda olaryň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşlerini, şeýle hem suwdaky süýdemdirijileri we oňurgasyzlary peýdalanmak üçin çäkli möçberleri kesgitleýär;
■ tebigaty peýdalanyjylaryň töwerekdäki gurşawa edilýän täsire baha bermek (TGTB) boýunça geçirýän işine döwlet gözegçiligi we usulyýet ýolbaşçy-lygyny amala aşyrýar;
■ tebigaty goramak işi bilen baglanyşykly resminamalary bellenilen tertipde berýär we ýatyrýar;
■ haýwanlaryň we ösümlikleriň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşlerini. Şeýle hem söwdasy ýa-da goralmagy Türkmenistan gatnaşyjysy bolan halkara şertnamalary bilen düzgünleşdirilýän görnüşlerini tutmagy, ýurdumyza getirmegi we ýurdumyzdan alnyp gitmegi amala aşyrýar;
■ Türkmenistanyň goraghanalarynyň we döwletiň aýratyn goralýan tebigy meýdanlarynyň işini, tebigy nygmatlaryň hasylyny ýygnamagy guraýar, olary ösdürmek boýunça çäreleri görýär;
■ tebigaty goramak babatyndaky edara ediş hukuk düzgünleriniň bozulmagy hakyndaky işlere kanunlar bilen bellenilen tertipde garaýar.

Слайд 6

2. Türkmenistanda tebigaty goramak meseleleri bilen ýörite meşgullanýan jemgyýetçilik guramalary.  

2. Türkmenistanda tebigaty goramak meseleleri bilen ýörite meşgullanýan jemgyýetçilik guramalary.

Слайд 7

Biziň döwletimizde ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri bilen ýörite meşgullanýan jemgyýetçilik

Biziň döwletimizde ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri bilen ýörite meşgullanýan jemgyýetçilik
birleşiklerinden we guramalaryndan Türk-menistanyň Tebigaty goramak jemgyýetçilik birleşigini we onuň welaýatlardaky bölümlerini hem-de şahamçalaryny, Türkmenistanyň Awçylar we balykçylar birleşmesini, Elguş awçylygynyň milli jemgyýetini, Gyzyl Ýarymaý milli jem-gyýetini, Aşgabat şäher bagçylyk jemgyýetini, Balçylar jemgyýetini we beýlekileri mysal getirip bolar. Bularyň ählisiniň özboluşly ugry we toplan tejribesi bolup, daşky gurşawy goramagyň we ekologiýa howpsuzlygynyň wajyp meselelerini çözmekde birnäçe bitirýän işleri bardyr.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetçilik birleşigi (TTGJB). Ol ýurdumyzda tebigaty goramak we ekologiýa baradaky döwlet syýasatyny halka köpçüligine ýetirmekde giň möçberli wagyz-nesihat işlerini alyp barýan jemgyýetçilik birleşiklerinden has irisi we irkisi hasaplanýar.
Bu jemgyýetçilik birleşigini döretmek barada 1951-nji ýyldan başlap resmi hatlar degişli edaralara we guramalara ýazylyp başlanypdyr. Emma hakykatda bolsa, bu jemgyýetçilik birleşigi Türkmenistanyň Ministrler Sowetiniň 1968-nji ýylyň 25-nji iýulynda çykaran 313 belgili Karary bilen öz işini doly resmi taýdan ýola goýdy. Şol günlerden bäri bu jemgyýetçilik birleşigi tebigaty goramak meselelerinde giň gerimli işleri halk köpçüligine ýetirmekde uly döredijilikli zähmet ýoluny geçip, köp tejribe toplan jemgyýetçilik birleşikleriniň biridir.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetçilik birleşiginiň esasy mak-sady döwletimizde tebigaty goramakda jemgyýetçilik işlerine ýolbaşçylyk etmekden we sagdyn, amatly ekologik ýagdaý ugrundaky jemgyýetçilik hereket-lerini gurnamakdan, şu hereketiň esasynda bolsa tebigy baýlyklary aýawly saklap, gaýtadan dikeldip, goramak, peýdalanmak boýunça raýatlaryň höwesjeňligini we işjeňligini ösdürip, bu baradaky döwlet syýasatyny goldamakdan ybaratdyr.

Слайд 8

TTGJB-i Türkmenistanyň çäginde hereket edýän umumymilli jemgyýetçilik birleşigi bolup, ol işini höwesjeňlik

TTGJB-i Türkmenistanyň çäginde hereket edýän umumymilli jemgyýetçilik birleşigi bolup, ol işini höwesjeňlik
bilen öz-özüni maliýeleşdirip, dolandyrmak we guramak usulynda alyp barýar. Jemgyýet ähli jemgyýetçilik, professional, ylmy, döredijilik birleşikleri, döwlet, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin açykdyr. Guramaçylyk işi hyzmatdaşlyk, deňhukuklylyk şertlerinde amala aşyrylyp, özara bähbitlerdir maksatlaryň umumylygy bilen kesgitlenýär.
1978-nji ýylda Aşgabat şäherinde Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň (TTBGHB) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli XIV Baş Assambleýasyny bolup geçdi. Şu Assambleýada hem Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetçilik birleşigi Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň agzalygyna kabul edildi. Şol döwürden bäri hem TTGJB tebigaty goramak ugrundaky bu abraýly halkara guramanyň doly hukukly agzasydyr. Şonuň ýaly-da, jemgyýet 1995-nji ýyldan bäri Aýratyn goralýan tebigy meýdanlar boýunça Bütindünýä işçi toparynyň (komissiýasynyň) hakyky agzasydyr.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetçilik birleşigi Merkezi geňeşinde, Merkezi ýolbaşçy edarasyndan, welaýat bölümlerinden we şaham-çalaryndan durýar. Onuň iň ýokary guramasy her bäş ýylda çagyrylýan kon-ferensiýasydyr. Ähli dolandyryş işlerini bolsa, onuň Merkezi ýolbaşçy edarasy alyp barýar.

Слайд 9

Türkmenistanyň Awçylar we balykçylar birleşmesi. 1947-nji ýekebara awçylary kollektiwlere birleşdirmek we ilatyň

Türkmenistanyň Awçylar we balykçylar birleşmesi. 1947-nji ýekebara awçylary kollektiwlere birleşdirmek we ilatyň
giň köpçüligini “awçylyk sportuna” çekmem maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler Sowetiniň şol ýylyň 27-nji martyndaky 160 belgili karary bilen Awçylaryň türkmen meýletin jemgyýetini döretmek maksada laýyk diýip ykrar edýär. Bu jemgyýetiň Tertipnamasy işlenilip düzülýär we tassyk edilýär. Şonda awçylaryň hukuklary hem borçlary, şonuň ýaly-da bu guramanyň maksady hem-de onuň öňünde duran wezipeleri kesgitlenilýär. 1950-nji ýylda Jemgyýetiň gös-göni ýardam bermeginde täze “Aw awlamagyň düzgünleri” işlenilip düzülýär hem-de oňa laýyklykda aýraklary we umgalary, gum gaplaňyny, sülgüni we mör-möjekleri iýiji hem saýrak guşlary awlamaklyk düýbünden gadagan edilýär. Şeýle hem şol resminamalarda aw awlamagyň düzgünleri, şol sanda gury ýerdäki hem-de suwda ýüzýän guşlary atmaklygyň kadalary takyklaşdyrylýar.
1954-nji äpet dünýäde uly suw akabasynyň – Garagum emeli derýasynyň gurulmagy höwesjeň balykçylygy ösdürmäge bolan mümkinçilikleri artdyrdy. Bu bolsa sportuň we işjeň dynç alşyň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sanynyň artmagyna getirdi. Beýle ýagdaýy göz öňünde tutup, Awçylar jemgyýetiniň 1957-nji ýylda bolup geçen III gurultaýynda Türkmenistanyň çäklerinde höwesjeň-sport awçylygy we balykçylygy bilen meşgullanýanlary bir bütewi meýletin jemgyýete birleşdirmeklik karar edildi we jemgyýetiň adyny üýtgedip, oňa Türkmenistanyň awçylarynyň we balykçylarynyň birleşen jemgyýeti diýlen ady dakmaklyk karar edildi. 2006-njy ýyldan bäri bolsa bu jemgyýet “Türkmenistanyň awçylar we balykçylar birleşmesi” diýlip atlandyrylyp başlandy.

Слайд 10

Häzirki döwürde Türkmenistanyň awçylar we balykçylar birleşmesiniň agzalygynda 13 müňden hem gowrak

Häzirki döwürde Türkmenistanyň awçylar we balykçylar birleşmesiniň agzalygynda 13 müňden hem gowrak
adam bolup, olar dürli hünärdäki we ýaşdaky – mekdebi tamamlan ýetginjeklerden başlap zähmet we Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna çenli tebigatyň goýnunda sergin şemally ýerde – ajaýyp türkmen tebigatynyň goýnunda işjeň dynç almagy halaýan adamlardyr. Höwesjeň awçylygyň muşdaklary – bular şäherdir obadan arany açyp, tebigatyň hoştap howaly çolarak ýerinde dynç almagy kem görmeýän adamlardyr. Awçylara “jandarlary gyryjylar”, rehimsiz, doňýürek adamlar hökmünde garaýanlar hem duş gelýär. Emma awçylaryň köpüsi ýabany haýwanlara iým bermek, suw içer ýaly ýerleri gurnamak, uly we gyrymsy agaçlary ekip, gaçybatalgalary döretmek, ýörite bellenilen awlag meýdanlaryny abadanlaşdyrmak işlerine gatnaşýarlar we aw awlamagyň kesgitlenen düzgünlerini berjäý edýärler.
Türkmenistanyň awçylar we balykçylar birleşmesinde aw etmäge ýaňy başlanlara awçylyk minimumyny – synagyny tabşyrmaga taýýarlyk görýän döwründe zerur bolan kömegi bermäge doly mümkinçilikler (ündewnesihatlar, plakatlar, fotosuratlar, gözükmeler – instruksiýalar, düzgünnamalar, stendler ş. m.), olara halypalyk etmäge tejribeli hünärmenler bar. Köp gören, kän tejribe toplan awçylar hem balykçylar öz höwesi ýa-da Türkmenistanyň awçylar we balykçylar birleşmesiniň tabşyrygy boýunça bilýän zatlaryny, tejribesini, tebigat bilen ysnyşmagyň endiklerini öwredýärler. Wagtal-wagtal awda ulanylýan itleriň sergisi geçirilip, olary awa werdiş etmegiň syrlary barada okuwlar geçirilýär, öwrenje awçylara köp usulyýet kömegi berilýär.

Слайд 11

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň çäklerinde ok atýan awçy awçy ýaragy, aw tutmaga

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň çäklerinde ok atýan awçy awçy ýaragy, aw tutmaga
rugsat edilýän beýleki serişdeleri, şonuň ýaly-da aw itleri ýa-da elguşlary bilen aw awlamak hukugyndan ýaşy 18-e ýeten, Türkmenistanyň awçylar we balykçylar birleşmesiniň agzasy bolan, Türkmenistanyň raýatlarynyň ählisiniň hukugy bardyr. Daşary ýurtly raýatlara, haçan-da olar ýatlanan Birleşmä hasaba duran, döwlet pajyny wagtynda tölän we Türkmenistanyň walaglarynda aw awlamak üçin möwsümleýin ygtyýarnama alan şertlerinde Ztürkmenistanda aw awlamaga rugsat berýärler.
Ýurdumyzyň awçylarynyň we balykçylarynyň edýän işleriniň aýrylmaz bölegi hem olaryň nesilden-nesle geçip gelýän medeni mirasyny, aw awlamagyň özboluşly aýratynlyklaryny we iň oňat däp-dessurlaryny aýap saklamakdan, awçylyk-balykçylyk syýahatçylygyny ösdürmekden, surmuşda sagdyn ýaşaýşy wagyz-nesihat etmekden we ýaşlary watançylyk hem döwletiň tebigy baýlyklaryny aýap saklamak hem-de artdyrmak ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr.
Awçylar we balykçylar birleşmesiniň öz köptaraply işlerini geçirmegi ýurtda durmuş ýagdaýyny, ilkinji nobatda bolsa awçylygy we balykçylygy söýüjileriň işden boş wagtyny täsirli geçirmäge öz gaşandyny goşýar. Höwesjeň awçylyk we balykçylyk adamyň nerw ulgamyny rahatlandyrýar, onuň organizminiň fiziki taýdan işjeňligini artdyrýar. Aw awlamaga ýa-da balyk tutmaga girip gelenden soň, adamyň işe bolan ukyplylygy ýokarlanýar, şähdi açylýar, kuwwaty artýar, ünjülerden saplanyp, ruhy belent bolýar.
Имя файла: Türkmenistanda-daşky-gurşawy-goramakdaky-halkara-hyzmatdaşlygy.pptx
Количество просмотров: 45
Количество скачиваний: 0