Çaganyň irki ösüşiniň we ony mekdebe taýýarlamagyň ylmy esaslary barada

Содержание

Слайд 2


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe umumyadamzat gymmatlyklarynyň iň naýbaşylaryny özünde jemleýän nesliň kemala

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe umumyadamzat gymmatlyklarynyň iň naýbaşylaryny özünde jemleýän nesliň kemala
gelmegi üçin dünýä derejesinde, milli ruhda bilim-terbiýe bermek baş wezipe bolup durýar. Dünýä derejesinde abzallaşdyrylan mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle berilýän bilimiň hili kämilleşýär, mazmuny baýlaşýär. Beýik özgertmeler bilim işgärleriniň ösüp gelýän ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk bilim bermegi üçin giň mümkinilikleri döredýär. Nesil terbiýesi döwletiň iň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup, bagtly geljegi, bagtyýar dowamaty kemala getirmegi göz öňünde tutýar.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýörite Karar bilen kabul edilen çaganyň irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň meselelerini özünde jemleýän “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýarlamak boýunça 2011—2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli maksatnamasy” boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu Maksatnama çaganyň irki ýaşyndan başlap, ösüp gelýän ýaş nesliň bähbidini, çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, saglygynyň, olaryň mekdebe taýýarlygynyň talabalaýyk bolmagyny göz öňünde tutýar.

Слайд 3

Türkmen ylmynyň pajarlap ösýän döwründe hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen sagdyn we bilimli nesli

Türkmen ylmynyň pajarlap ösýän döwründe hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen sagdyn we bilimli nesli
kemala getirmek, olary mekdebe taýýarlamak baradaky Maksatnamanyň işe girizilmegi onda goýlan meselelere ylmy-usuly taýdan seretmegi talap edýär. Pedagogika we psihologiýa boýunça ylmy-barlaglar çaganyň döredijilikli ukyplarynyň, pikirlenmesiniň ösüşiniň mekdebe çenli döwre düşýändigini görkezýär. Çagalar baglarynda dürli ugurlar boýunça ilkinji düşünjeler berilýär. Geçilýän sapaklar arkaly terbiýäniň dürli görnüşleri esasynda berilýän maglumatlar körpeleriň maşgalada alan düşünjeleriniň üstüni ýetirýär, sözleýşiniň,pikirlenmesiniň kämilleşmegine täsir edýär.

Слайд 4

Çaganyň akyl terbiýesi ulular bilen gündelik aragatnaşygynda amala aşýar. Sapakda we

Çaganyň akyl terbiýesi ulular bilen gündelik aragatnaşygynda amala aşýar. Sapakda we sapakdan
sapakdan daşary geçirilýän çäreler arkaly çagalar özlerine düşnükli bolan maglumatlary we başarnyklary akyl taýdan özleşdirýärler. Deň-
duşlary, ýaşytdaşlary, ulular bilen bolýan gündelik aragatnaşyk çaganyň sözleýşiniň baýlaşmagyna uly täsir
edýär. Sözleri, adalgalary öwrenmek
bilen sözleýiş kämilleşip başlaýar.
Täze öwrenilen sözler çaganyň
sözlük goruny baýlaşdyrýar.
Terbiýeçiniň, mugallymyň sözleri
arkaly ruhy baýlyklar, gymmatlyklar
çaganyň aňyna ýetirilip, milli aňyýet,
milli medeniýet kemala gelýär.
Çaganyň görýän, eşidýän,
syzýan, duýýan zatlary onuň intellektini, ýagny kelle beýnisiniň pikirlenmek ukybyny (akylyny, aňyny) ösdürýär. Aňyň ösüşi çaganyň eşidýän, görýän, syzýan zatlarynyň kem-kemden çuňlaşmagyny, onuň beýnisine barýan maglumatlaryň baýlaşmagyny, çylşyrymlaşmagyny talap edýär. Şol maglumatlaryň yzygiderli özgerdilip durulmagy bolsa öz gezeginde çaganyň aňynyň ösüşini kämilleşdirýär.

Слайд 5

Logiki, matematik we ylmy pikirlenmeleriniň ösüşi, şeýle-de dünýä, daş-töwerek baradaky düşünjeler, ondaky

Logiki, matematik we ylmy pikirlenmeleriniň ösüşi, şeýle-de dünýä, daş-töwerek baradaky düşünjeler, ondaky
arabaglanyşyklar diňe mekdebe taýýarlamakdan başga-da, çaganyň kemala gelmeginde esas bolup durýar. Çaganyň akyl ösüşi onuň gündelik durmuşyna mahsusdyr. Ol kabul ediş arkaly çagalaryň akyl ýetirmek, maglumaty özleşdirmek, peýdalanmak işleridir. Çagalaryň psihologik ukyplarynyň ösüşi fiziki we sosial gurşaw bilen arabaglanyşygyna bagly bolup, çagalar onuň üsti bilen täze düşünjeleri düzýärler, olary ýüze çykarýarlar. Bu proses okatmak prosesi arkaly köp ýol bilen amala aşýar: sözleýiş, logiki pikirlenmek, giňişlik düşünjesi, döredijilikli, sazly pikirlenme, beden maşklary we ş.m. Çagalar bagynda çagalar induktiw pikirlenmäniň ilkinji başarnyklaryny edinýärler. Üçburçlugyň emele gelşi baradaky düşünjeler bu induktiw pikirlenmedir (bölekden bitewiniň emele gelmegi).

Слайд 6

Çaganyň ösüşi fiziki taýdan-da, akyl taýdan-da birsydyrgyn deň gitmeýär. Alymlar çaganyň psihiki

Çaganyň ösüşi fiziki taýdan-da, akyl taýdan-da birsydyrgyn deň gitmeýär. Alymlar çaganyň psihiki
ösüşini 4 tapgyra bölýärler. Şonuň iki tapgyry mekdebe çenli ýaş döwrüne düşýär. Birinji tapgyry 2-3 ýaşa çenli döwri öz içine alyp, duýgular esasynda düşünýän döwri hasaplanýar. Çaga doglandan 2 ýaşa çenli duýgusynyň esasynda fiziki ösüşe eýe bolýar.

Слайд 7

Çaganyň bir ýaşa çenli döwri heniz ol bir sözi aýdyp bilmese hem

Çaganyň bir ýaşa çenli döwri heniz ol bir sözi aýdyp bilmese hem
onuñ sözleýşiniň ösmeginiň we ulular bilen aragatnaşyk açmagynyň möhüm döwri hasaplanýar. Sözleýşe çenli döwürde çaga dürli görnüşde seslenmek bilen sesler we hereketler arkaly uly adamlar bilen aragatnaşyga girýär. Çaganyň doglandan beýläk beýnisi we duýuş agzalary dili özleşdirmäge taýýar bolýar. Çaga dünýä inmänkä eşidýär diýmäge hem esas bar. Sebäbi bäbek ejesiniň sesini beýlekilerden çalt tanaýar. Alymlar geçirýän barlaglarynyň netijesinde doglanyna dört gün bolan bäbejigiñ öz ene dilinde aýdylýan jümleleri aýdylyş äheňi esasynda beýleki dillerdäkiden tapawutlandyryp bilýändiklerine göz ýetirýärler. Çaga heniz has kiçi döwürlerinden mylaýym, ýumşak ses bilen ýüzlenilende owsunyp ugraýar, aglap duran bolsa köşeşýär.

Çaganyň psihiki ösüşiniň ikinji tapgyry 2—7 ýaşa çenli döwri öz içine alyp, çaga, esasan, özüne daş-töweregindäkileriň gözi bilen seredýär. Bu ýaşda maşgala agzalarynyň, terbiýeçileriň, mugallymlaryň çaga bolan ünsüniň, maşgalada, toparda ruhubelent gurşawyň bolmagy zerur.

Слайд 8

Eger çagany ýaşlykda gurşap alýan adamlar terbiýelemek bilen birlikde dogry sözlemegi öwredip

Eger çagany ýaşlykda gurşap alýan adamlar terbiýelemek bilen birlikde dogry sözlemegi öwredip
başlasalar, onda ol çaga talabalaýyk ösüşi başdan geçirýär: başarjaňlyk, göz öňüne getirmek, pikirlenmek duýgulary ösüş döwrüne görä laýyk ösýär. Aňyň ösmegi bilen çaganyň emosiýalaryna erk edip bilmegi hem kämilleşýär. Görüş, eşidiş we duýuş ukyby kämilleşýär. Söz baýlygy artyp, gepleýşi sazlaşykly we mazmunly häsiýete geçýär, düşünjeleri ösýär. Şoňa görä-de, olar zatlary hili, häsiýeti, sany, ysy boýunça tapawutlandyrmagy başarýarlar. Çagalar birek-birege kömekleşýärler, öz hereketlerinde biri-biri bilen düşünişip işlemegi, oýnamagy ýola goýmaga başlaýarlar.

Слайд 9

Çagalarda tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirmekde jogapkärçilik duýgusy kemala gelýär, ýoldaşlaryna dostlukly

Çagalarda tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirmekde jogapkärçilik duýgusy kemala gelýär, ýoldaşlaryna dostlukly garamak,
garamak, olar bilen mähirli gatnaşmak, bile oýnamak duýgulary, ahlak, edep duýgulary bilen bir hatarda gözellik duýgulary-da ösýär, aýdymlaryň, goşgularyň, suratlaryň, ertekileriň, hekaýalaryň mazmunyna seslenmek ukyby kemala gelip başlaýar. Olar aýdymlary, goşgulary, çaklaňja ýazgylary ýeňillik bilen ýat tutýarlar, olaryň mazmunyna çuňňur düşünmeseler-de labzyny, äheňini berjaý etmäge synanyşýarlar. Bu döwürde kitaba söýgi döretmek hem esasy meseleleriň biridir. Kitap çaganyň gyzykly dünýäsiniň altyn açarydyr. Kitaba bolan söýgi okuwa bolan islegi artdyrýar.

Слайд 10

Çaga añ taýdan ösdügiçe onuñ söz baýlygy kämilleşip, baýlaşyp başlaýar. Ene dilini

Çaga añ taýdan ösdügiçe onuñ söz baýlygy kämilleşip, baýlaşyp başlaýar. Ene dilini
özleşdirmek çaganyñ gözüniñ gara düşüp, seslenip, ýagny kepderileriñ, gumrularyñ sesine meñzeş sesleri çykarmagyndan başlanýar. Çaga bu gyggyldylardan lezzet alýar. Üç aýa çenli gyggyldylar (bogazda sesleriñ emele gelmegi) ýetjek derejesine ýetýär. Sebäbi enäniñ çagasynyñ gyggyldysyny goldamagy onuñ sözleýşe taýýarlygyny has kämilleşdirýär. Bu ene bilen çaganyñ arasyndaky ilkinji sözleýiş gatnaşygydyr. Ondan soñra çagada wüjürdi başlanýar. Çaganyñ bir zady düşündirjek bolup çykarýan düşnüksiz seslerine „Be, bujagaz çaganyň wüjürdäýşini” diýýändirler. Wüjürdiler çaganyň ýagdaýynyň, keýpiniň gowulygyny aňladýar. Wüjürdemek alty aýlyk döwründen başlanýar. Bu ir hem gijräk hem bolup biler. Çaga ilki çekimsizden çekimlä gidýän gysga sesleri çykarýar. Kem-kemden wüjürdi çylşyrymlaşýar. Alty-ýedi aýlyk çaganyň wüjürdisinde äheň duýlup ugraýar.
Çaganyň sözleýşi barlananda alymlar şeýle kanunalaýyklyga gabat gelipdirler: wüjürdide sesleriň ýüze çykmagynyň yzygiderliligi dil sözleýşindäki sesleriň yzygiderliligine laýyk gelýär. Muňa seredip otursak, çaga sesleri özleşdirmegi iki gezek geçen ýaly bolýar. Ilki oýun, güýmenje, taýýarlyk görnüşinde, soňra çylşyrymly we iň kyn etapy bolan sözüň düzümindäki sesleri özleşdirmek görnüşinde. Bu çaganyň wüjürdeýän döwründe hiç bir kynçylyksyz dürli sesleri aýdyp bilmegi, soňra bolsa şol sesler öwredilende uly kynçylyklaryň gabat gelmegidir. Bir ýaşyna golaýlanda çaga wüjürdisi täze tapgyra geçýär. Ony gürrüñ wüjürdisi ýa-da çaga sözleýşi diýip ýöne ýere atlandyrmaýarlar, çaga „öz dilinde” jümleleri döretmek bilen soraglar berýär.
W.Gýugo «Dünýäde çaga wüjürdisinden dabaraly ýaňlanýan sena ýokdur».

Слайд 11


Çaganyň hereketleriniň kadaly ösmegi üçin onuň beden we aň ösüşiniň kadaly

Çaganyň hereketleriniň kadaly ösmegi üçin onuň beden we aň ösüşiniň kadaly ýagdaýda
ýagdaýda bolmagy zerur. Çaganyň sagatlygyna, kadaly ösüşine şaýatlyk edýän şu üç alamat -- hereketiň, bedeniň we aňyň ösüşi biri-birine berk bagly, olar üçin zerur bolan şertler birmeňzeş bolýarlar. Şolaryň birine täsir edýän şertler beýlekilerine hem täsir edýärler. Çaganyň görýän, eşidýän, syzýan, duýýan zatlary onuň intellektini, ýagny kelle beýnisiniň pikirlenmek ukybyny ösdürýär. Aňyň ösüşi çaganyň eşidýän, görýän, syzýan zatlarynyň kem-kemden çuňlaşmagyny, onuň beýnisine barýan maglumatlaryň baýlaşmagyny, çylşyrymlaşmagyny talap edýär. Çagalar baglarynda interaktiw usullarda geçilýän sapaklaryň üsti bilen kiçi ýaşly çagalara beden, akyl, düýgy, ahlak, gözellik terbiýesini bermegiň usullarynyň we görnüşleriniň mazmuny kämilleşdirilýär. Okuw-terbiýeçilik işleriniň talabalaýyk guralmagy çaganyň mekdepde okamaga psihologik taýýarlygynyň kämil bolmagyna, onuň mundan buýana hem okuw işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Слайд 12

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda “Binýat berk bolanda, bina baky bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda “Binýat berk bolanda, bina baky bolar.
Biziň amala aşyrýan özgertmelerimiz, başyny başlan giň işlerimiz beýik bir bina bolsa, ylym onuň müdimi mizemez binýady bolmalydyr” diýip nygtap gecýär. Ol şeýle-de terbiýelemegiň, bilim bermegiň döwrebap, dünýä derejesinde bolmalydgyny, ylmy esasda alnyp barylmalydygyny belleýär. Ine, şu maksat bilen hem bu alnyp barylýan işler ählihalk işi bolup gün-günden ýaýbaňlanýar. Maksatnamada goýlan wezipeleriň amala aşmagy diňe bilim işgärlerine degişli bolman, muňa jemgyýetimiziň saglygy goraýyş, maliýe, ykdysadyýet, statistika boýunça hünärmenlerine, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, ata-enelere hem degişlidir.
Çaga terbiýesiniň binýadynyň berkden tutulmagy maşgalanyň terbiýesinden gözbaş alyp gaýdýandyr. „Bilim hakynda“ Türkmenistanyň Kanunynda bu barada şeýle sözler bar: Ata-eneleriň (olaryň ornuny tutýanlaryň) çagalary terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okamagy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, olarda kanunlara, taryhy we türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna hormat goýmak medeniýetini terbiýelemäge konstitusion hukuklary bardyr we borçludyrlar“.

Слайд 13

Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşi, terbiýesi üçin
jogapkärçilik çekýär, döwletimiz bolsa

Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşi, terbiýesi üçin jogapkärçilik çekýär, döwletimiz bolsa
maşgalanyň öz borçlaryny
ýerine ýetirmegi, çaganyň ýaşamagy, goraglylygy we kadaly ösmegi
üçin ähli hukuklardan peýdalanmak boýunça şertleri döredip, olara
uly ýardam berýär. Maşgalanyň we döwletiň esasy aladasy – çagalar.
Olaryň sagdyn ösüşi adamzadyň ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Çaganyň
ýaşaýan jemgyýetine mynasyp adam bolup ýetişmeginde, döwrebap
terbiýe almagynda, ýagny çaga terbiýesinde maşgalanyň, esasan-da
enäniň öňünde uly borç durýar. Adamzady adamlyk derejesine
ýetirýän – oňa ilkinji edep-terbiýäni berýän, deň-duşlary
bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň bolmagyny, özünden ulyny
sylamagy öwredýän, durmuşa taýýarlaýan beýik
şahsyýet enedir. Çaga dünýä inýär. Onuň öňünde täze dünýä
açylýar. Çaga dünýä inen gününden başlap, ony hemmetarap-
laýyn terbiýelemek işi başlanýar. Ýaňy dünýä inip, gözüni
açan çagany ene mähri bilen goraglap, sirin sözi bilen
hüwdüläp, kemala getirýär. «Adamyň terbiýesi hüwdüden
başlanýar» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Hüwdi –
edep, hüwdi – alkyş, hüwdi – arzuw. Hüwdüler
ýöne bir sanalýan setirler bolman, çuňňur filosofik
garaýyşlary özünde jemländir. Hüwdüleriň sözlerini
yzarlap otursaň, onuň çaganyň bütin ömrüne çözmeli
meseleleridir.

Слайд 14

Çagalar baglary üçin taýýarlanylýan ylmy-barlag we ylmy-usuly işlerde çagany täze durmuş ýagdaýyna

Çagalar baglary üçin taýýarlanylýan ylmy-barlag we ylmy-usuly işlerde çagany täze durmuş ýagdaýyna
taýýarlamak, işjeňligiň täze görnüşlerini amala aşyrmak, mekdep döwründe berilýän tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirip bilmeklerini gazanmak babatda olaryň irki ösüşindäki aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, çagalaryň mekdebe çenli we mekdebe taýýarlamak döwründe fiziki we psihiki ösüşiniň kesgitli derejesini göz öňünde tutýan meseleleri çözmek göz öňünde tutulýar. Birinjiden, bu işlerde psihologik-pedagogik we psihofiziologik barlaglar arkaly mundan buýana hem kiçi ýaşly çagalara hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün edýän bilim we terbiýe bermegiň usullarynyň we görnüşleriniň mazmunyny kämilleşdirmek maksat edinilýär. Ikinjiden, bu barlaglar çagalaryň mekdebe ýörite taýýarlygyny kämilleşdirmegiň meselelerine bagyşlanyp, maşgalada, çagalar baglarynyň şertlerinde çaganyň irki ösüşiniň görkezijilerini göz öňünde tutup, olara her bir ugur boýunça berilýän düşünjeleri ýokary derejede öwretmegiň mümkinçilikleri düşündirilýär. Bu iki ugur biziň alyp barýan ylmy-barlag we ylmy-usuly işlerimizde, taýýarlaýan okuw serişdelerimizde öz şöhlelenmesini tapýar. Ol işlerde çaganyň irki ösüşine we mekdebe psihologik taýýarlygynyň kämil bolmagyna, onuň mundan buýana okuw işjeňliginiň kemala gelmeginde zerur bolan meselelere garalýar.
Имя файла: Çaganyň-irki-ösüşiniň-we-ony-mekdebe-taýýarlamagyň-ylmy-esaslary-barada.pptx
Количество просмотров: 36
Количество скачиваний: 0