Şu günki günümizde gabat gelýän keseller
ZOB Galkan şekilli mäziň ölçegleriniň öň tarapynda mese-mälim, aýdyň görünýän ulalmagyna “zob” diýilýär. “Zob” rus sözi bolup, lukmançylyk adalgasy hökmünde halkyň arasynda giňden ýaýrandyr,hem-de galkan şekilli mäziň III derejeli ulalmagyny aňladýan umumy düşünje bolup durýar. Galkan şekilli mäziň ulalmagy bilen baglanyşylylykda ýüze çykýan keseller ýaýraýşy boýunça endokrin ulgamynyň keselleriniň arasynda süýji diabetden soň 2-nji orny eýeleýär. Olar ilkinji nobatda ýod ýetmezçiligk edýän sebitde ýaşaýanaýallaryň, ýaş oglan-gyzlaryň, agyr ýagdaýlarda bolsa erkekleriň we çagalaryň ejir çekmegine getirýär. ENDOMIÝALY ZOB Galkan şekilli mäziň toprakda we suwda ýod az bolan belli-bellisebitlerde köp sanly adamlarda ulalmagyna “endemiýaly zob”diýilýär. Ýod Dmitriý Iwanowiç Mendeleýewiň himiki elementleriň periodiki sistemasynyň 53-nji elementidir. Uly ýaşly adam gije-gündüziň dowamynda iýmit we suw arkaly 100mikrogramdan 200 mkr çenli almalydyr. Bu görkeziji 50mkr-dan peselende, galkan şekilli mäziň kompensirleýji ulalmasy başlanýar. Zobyň ösmegine täsir edýän başga-da käbir faktorlar bar.Iýmitde beloklaryň, witaminleriň,mis, sink, selen, molibden,kobalt,nikel ýaly mikroelementleriň ýetmezçilik etmegi,kalsiniň, floryň,magnesiň bolsa tersine, agdyklyk etmegi bedende ýoduň özleşmeginiň bozulmagyna getirýär.”Strumogen” diýlip atlandyrylýan perhlorat saklaýan azyk önümleri we himiki maddalar hem galkan şekilli mäziň ýody özleşdirilmegine päsgel berýär.Käbir strumogen maddalar: tiomoçewina, tiourasilsanitar—arassaçylyk düzgznleri berjaý edilmeýän şertlerde suwda we azyk önümlerindeemele gelýär. Strumogen azyk önümleriniň arasynda kelem,şalgam,turp,käşir,soýa mango,şetdaly,arahis we redis bar. Şu önümleriň yzygiderli we köp mukdarda iýilmegi zobuň ösmegine itergi berip biler.